5 metre çenli gar üýşmegi: Kamçatkada soňky 50 ýylda iň güýçli gar ýagdy

  • şu gün 14:13
  • 3.3k+

Russiýanyň Kamçatka ülkesiniň administratiw merkezinde, Petropawlowsk-Kamçatskiý şäherinde soňky bir ýarym aýda 50 ýyl bäri görülmedik adatdan daşary gar ýagdy diýip, sebit gidrometeorologiýa merkezine salgylanyp, «Kamçatka-Inform» habar berýär.

2025-nji ýylyň dekabrynda ygalyň derejesi 370 millimetr (aýlyk kadanyň 316%-i) boldy, 2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň birinji ýarymynda bolsa ýene 163,6 millimetr (kadanyň, takmynan, 150%-i) gar ýagdy.
Şäherde gar örtüginiň beýikligi 170 santimetre ýetdi, käbir ýerlerde 2,5 metrden gowrak boldy. Ýaşaýjylar sosial ulgamlarda gar üýşmeginiň bäş metre çenli ýetendigini habar berdi.
Kamçatkanyň gidrometeorologiýa merkeziniň ýolbaşçysy Wera Polýakowanyň habar bermegine görä, şeýle howa şertleri adatdan daşary hasaplanýar we örän seýrek bolýar. «Soňky gezek şular ýaly ýagdaý 1970-nji ýyllaryň başynda hasaba alyndy, şol wagt gysga wagtyň içinde birbada birnäçe aýyň gary ýagdy» – diýip, ol belledi.
Şäherde adatdan daşary ýagdaý hereket etmegini dowam etdirýär, sebitde gar harsaňynyň howpy barada duýduryş yglan edildi. Şeýle-de bolsa, Kamçatka gar getiren siklonlar 17-nji ýanwara çenli yza çekilip başlady.
Gar üýşmekleri sebäpli jemgyýetçilik ulaglarynyň hereketi-de wagtlaýyn togtadyldy, soňra çäklendirmeler bilen gaýtadan dikeldildi. Mekdepler we ülke edaralary uzak aralykdan iş düzgünine geçdi. Halasgärler, harbylar we meýletinçiler pensionerlere, maýyp adamlara we köp çagaly maşgalalara öýüň töweregini gardan arassalamaga kömek edýär, olara azyk önümlerini we derman serişdelerini eltip berýär.
19-njy ýanwarda adatdan daşary ýagdaýa jogap bermek boýunça komissiýanyň mejlisinde Kamçatka ülkesiniň gubernatory Wladimir Solodow esasy ýollary we geçelgeleri arassalamagy tabşyrdy. Ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri işjeň çatryklarda hereketi el bilen dolandyryp başlady.
Kamçatkanyň ýaşaýjylary sosial ulgamlarda şeýle howa şertlerinde nähili ýaşaýandygy, mysal üçin, gar bilen örtülen köp gatly öýleriň penjiresinden nädip çykýandygy ýa-da öz awtoulaglaryny garyň içinden nädip gözläp tapýandygy barada wideolar bilen işjeň paýlaşýar.
Şeýle kadrlaryň giňden ýaýraýan wagty emeli aň tarapyndan hakyky ýaly ýasalan adatdan daşary gar barada wideolar hem peýda bolup başlady. Bu wideolarda gar üýşmekleri köp gatly jaýlaryň dokuz gatyna çenli ýetýär, sebitiň ýaşaýjylary bolsa göni öz öýlerinden çykyp, gar depelerinden typyp oýnaýar.


22.12.2025 13:53
5.6k+

Klimatologlar: Asyryň ortalaryna çenli Ýer ýüzünde her ýyl 4 müňe çenli buzluklar ýok bolar

Eger global maýlamaklyk asyryň ahyryna çenli temperaturanyň 1,5-4 gradus Selsiý ýokarlanmagyna getirse, eýýäm şu asyryň ortalaryna çenli Ýer her ýyl 2000-den 4000-e çenli buzlugy ýitirer. Netijede, buzluklaryň umumy sany 200 müňden 18 müňe çenli azalyp biler...

07.08.2025 13:31
10k+

Kamçatka ýertitremesinden soň ýerinden 2 metr töweregi süýşdi

Ýakynda bolan ýertitremesi netijesinde Kamçatka ýarym adasynyň günorta bölegi günorta-gündogara iki metre golaý süýşüpdir. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Geofiziki gullugynyň Kamçatka bölüminiň işgärleri habar berdi...

02.08.2025 17:26
10k+

2025-nji ýylyň iýul aýy Aşgabatda howa gözegçilikleriniň taryhynda dördünji iň yssy aý boldy

2025-nji ýylyň iýul aýy Aşgabatda howanyň gyzgynlyk derejesiniň ýokary galmagy boýunça dördünji aý hökmünde hasaba alyndy — bu bolsa 1891-nji ýyldan bäri alnyp barylýan meteorologik gözegçilikleriň taryhynda rekord görkeziji boldy...

30.07.2025 12:59
17k+

Kamçatkada 8,7 bal ululykda güýçli ýertitreme boldy. Ol 1952-nji ýyldan bäri iň ulusy

30-njy iýula geçilen gije Kamçatkanyň (Russiýa) kenaryndan 161 km uzaklykda 32 km çuňlukda 8,7 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi. Bu 1952-nji ýyldan bäri iň güýçli ýertitreme boldy diýip, Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Geofizika gullugynyň şahamçasynyň metbugat gullugy habar berdi...