Klimatologlar: Asyryň ortalaryna çenli Ýer ýüzünde her ýyl 4 müňe çenli buzluklar ýok bolar

  • 22.12.2025 13:53
  • 5.9k+

Eger global maýlamaklyk asyryň ahyryna çenli temperaturanyň 1,5-4 gradus Selsiý ýokarlanmagyna getirse, eýýäm şu asyryň ortalaryna çenli Ýer her ýyl 2000-den 4000-e çenli buzlugy ýitirer. Netijede, buzluklaryň umumy sany 200 müňden 18 müňe çenli azalyp biler.

Bu netijä ýewropaly we amerikaly klimatologlar takmynan 200 müň polýar we dag buzluklarynyň ýagdaýynyň üýtgemeginiň dört ssenarisini öwrenenlerinden soň geldiler. Barlagyň netijeleri Şweýsariýanyň Ýokary tehniki mekdebiniň (ETH) metbugat gullugy tarapyndan çap edildi.

"Bu proseslere iň ejiz buzluklar — uly bolmadyk belentliklerde ýa-da pes giňliklerde ýerleşýän dag buzluklary bolar. Olaryň hataryna Alp daglaryndaky, Kawkazdaky we Demirgazyk Amerikanyň Gaýaly daglaryndaky (Rocky Mountains) buz massiwleri, şeýle hem And we Afrika daglarynyň käbir sebitleri girýär. Bu ýerlerde buzluklaryň ýarysyndan gowragy ýakyn on-ýigrimi ýylyň dowamynda ýitip gider" — diýip, ETH-niň ylmy işgäri Lander fon Triht mälim etdi.

Ol iň gowy ýagdaýda hem (maýlama 1,5 gradus bolanda), "buzluklaryň ýok bolmagynyň iň ýokary derejesiniň" — ýagny buz massiwleriniň iň köp ýitirilýän döwrüniň 2041-nji ýylda boljakdygyny belledi. Şol wagt Ýer her ýyl takmynan 2000 buz örtügini ýitirer.
Iň erbet ssenaride bolsa, bu iň ýokary dereje 2055-nji ýyla süýşer we şol ýyl takmynan 4000 buzluk ýok bolar. Bu ýagdaýda asyryň ahyryna çenli diňe 18 müň sany iň uly we iň sowuk buzluk saklanyp galar.
Bu bolsa Merkezi Ýewropadaky 3600 Alp buzluklaryndan diňe iki onlugynyň (20-ä golaýynyň) galmagyna getirer. Amerikanyň Gaýaly daglary buz massalarynyň 99%-ini, Merkezi Aziýanyň dag gerişleri we And daglary bolsa degişlilikde 96% we 94% buzluklaryny ýitirer. Bu ýagdaý ýerli ekoulgamlara we süýji suwuň elýeterliligine düýpli täsir eder.
Alymlar munuň global maýlamaklyga garşy has işjeň göreşmegiň zerurdygyny görkezýändigini nygtaýarlar.


04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.6k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.7k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......