ABŞ-da mart aýy üçin rekord derejedäki yssy hasaba alyndy

  • 23.03.2026 05:25
  • 4.7k+

ABŞ-nyň günorta-günbatarynda howanyň temperaturasy adatdan daşary derejä ýetip, ozalky iň ýokary görkezijileri täzeledi. Bilermenler sebitdäki mart aýy üçin rekord derejedäki bu jöwzany global howa üýtgemegi bilen baglanyşdyrýarlar.

19-njy martda Arizona ştatynyň çöllüginde termometrler ABŞ-da şu aý üçin ozal görlüp-eşidilmedik 43,3 °C yssylygy görkezdi. Arizona we Günorta Kaliforniýanyň meteorologik beketlerinde hem howanyň gyzgynlygynyň 43 °C golaýlandygy bellenildi. Soňky günler sebitde howa 37 °C çenli maýlady.

Wiktoriýa uniwersitetiniň klimatology Endrýu Wiwer: «Howanyň düýpli üýtgeýändigi häzirki wagtda adatdan daşary tebigy hadysalaryň biziň mümkin diýip hasaplaýan çägimizden çykyp barşynda-da mese-mälim görünýär» diýip, ýagdaýa ýörite hünärmeniň gözi bilen baha berýär.

World Weather Attribution halkara alymlar topary mart aýynda mundan aňryk boljak yssylaryň ynsanyň tebigata we klimata ýetirýän täsiriniň netijesidigini belleýärler. 

Mundan ötri, bilermenler şeýle ekstremal howa hadysalarynyň gitdigiçe ýygy-ýygydan gaýtalanýandygyny we olaryň özlerine mahsus bolmadyk wagtda hem ýüze çykyp biljekdigini duýdurýarlar.


14.06.2026 15:16
4.2k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.7k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......