Ýanwar aýy soňky 9 ýylda magnit hadysaly iň işjeň aý boldy

  • 12.02.2026 11:25
  • 1.4k+

Geçen ýanwar aýy 2017-nji ýyldan bäri magnit harasatynyň iň işjeň hasaba alnan döwri boldy. 31 günüň dowamynda geomagnit tupanlary 10 gezek hasaba alyndy. Bu görkeziji häzirki 25-nji gün sikli üçin hem, 2017-nji ýylyň sentýabryndan bäri geçen döwür üçin hem rekord derejedir.

Bilermenleriň çaklamalaryna görä, bu işjeňligiň esasy çeşmesi Gündäki koronal deşikler boldy. Olar Günden gelýän "gün şemalynyň" akymlaryny yzygiderli Ýere tarap ugradyp durdular.
Ýanwaryň iň güýçli magnit hadysasy 19-21-nji ýanwar aralygynda boldy. Munuň sebäbi 18-nji ýanwarda Gündäki X1.9 synpyna degişli äpet partlamadyr. Bu partlamanyň netijesinde älem giňişligine zyňylan gün plazmasy göni Ýere uruldy we birnäçe günläp dowam eden geomagnit harasadyny döretdi.
Fewral aýynyň başynda geomagnit işjeňligi birden peseldi: aýyň birinji hepdesinde diňe bir sany harasat hasaba alyndy. Hatda XXI asyryň iň güýçli gün işjeňligi hasaplanan birnäçe yzygiderli partlamalar hem bu gezek Ýere uly täsirini ýetirmedi.
Alymlar Gündäki täze koronal deşikleriň eýýäm emele gelip başlandygyny duýdurýarlar. Bu bolsa ýakyn aýlarda magnit hadysalarynyň sanynyň gaýtadan köpelip, rekord görkezijilere ýetip biljekdigini aňladýar.


26.02.2026 16:54
5.2k+

Gün «ukudan oýandy»: alymlar 4 günlük dymyşlykdan soň işjeňligiň gaýtadan başlandygyny mälim etdi

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň habar bermegine görä, Günde dört günlük doly asudalykdan soň işjeňlik täzeden başlandy. Bu hadysanyň alamatlary iki-üç gün ozal emele gelip başlan täze tegmiller toparynda hasaba alyndy...

18.02.2026 09:22
4.3k+

2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulmasy boldy. Bu hadysany Ýer ýüzünde bary-ýogy sanlyja adam gördi

17-nji fewralda Antarktidada 2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulma hadysasy hasaba alyndy. Aşgabat wagty bilen sagat 16:44 töweregi Aý Günüň merkezi bölegini doly örtüp, onuň diňe gyralarynyň görünmegini, ýagny "otly halka" täsirini emele getirdi...

26.01.2026 15:29
7.2k+

Asyryň iň dowamly Gün tutulmasy 6 minuda çeker: oňa haçan garaşmaly?

2027-nji ýylyň 2-nji awgustynda Günorta Ýewropanyň, Demirgazyk Afrikanyň we Ýakyn Gündogaryň käbir sebitlerinde Günüň doly tutulmasy bolar. Iň ýokary tapgyrda Aý Günüň ýüzüni 6 minut 23 sekuntlap ýapar. Astronomlaryň çaklamalaryna görä, bu iň azyndan 2114-nji ýyla çenli gury ýerde synlap boljak iň dowamly doly Gün tutulma bolar» diýip, Ecoticias neşiri ýazýar...

24.01.2026 15:54
3.7k+

Günüň üstünden iň uly tegmiller toplumy ýitdi

Geçen ýyl Günde dörän tegmil toplumlarynyň arasynda iň ulusy «hiç zat galmazdan diýen ýaly» ýitdi. Bu barada RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizikasy institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň metbugat gullugy habar berdi...