Asyryň iň dowamly Gün tutulmasy 6 minuda çeker: oňa haçan garaşmaly?

  • 26.01.2026 15:29
  • 7.4k+

2027-nji ýylyň 2-nji awgustynda Günorta Ýewropanyň, Demirgazyk Afrikanyň we Ýakyn Gündogaryň käbir sebitlerinde Günüň doly tutulmasy bolar. Iň ýokary tapgyrda Aý Günüň ýüzüni 6 minut 23 sekuntlap ýapar. Astronomlaryň çaklamalaryna görä, bu iň azyndan 2114-nji ýyla çenli gury ýerde synlap boljak iň dowamly doly Gün tutulma bolar» diýip, Ecoticias neşiri ýazýar.
Doly tutulma fazasy üç kontitentiň üstünden geçer. Ispaniýanyň günortasyndan başlap, Gyzyl deňziň kenarlaryna we Afrikanyň şahyna  (Somaliniň töweregi) çenli bolan gözegçilik zolagynda takmynan 89 million adam ýaşaýar. Tutulma wagtynda asman mese-mälim garalar, ýagty ýyldyzlar we planetalar görner, howanyň temperaturasy peseler, Aýyň gara diskiniň töwereginde bolsa Günüň täji peýda bolar.
Tutulmanyň seýrek duş gelýän dowamlylygy birnäçe şertleriň utgaşmagy bilen düşündirilýär. Aý perigeýe (Ýere iň golaý nokada) golaý bolup, adatdakysyndan has uly görner, Ýer bolsa afeliýden (Günden iň uzak nokatdan) sähel soňra bolar — şol sebäpli Gün hem birneme kiçiräk görner. Şeýle-de, kölegäniň ýoly, onuň has haýal hereket edýän ýeri bolan tropiki giňlikleriň golaýyndan geçer.  
Tutulmanyň iň ýokary fazasyna Müsürdäki Luksoryň töwereginde garaşylýar. Tutulmanyň ýoly Atlantik ummanynyň üstünden başlap, Gibraltar bogazyndan, Ispaniýanyň günortasyndan, Demirgazyk Afrika ýurtlaryndan, Ýakyn Gündogardan geçer we Hindi ummanynyň üstünde tamamlanar.


22.03.2026 16:34
4k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.4k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.1k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...