2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar.
"Gamma Normidiň tebigaty alymlar üçin henizem syr bolmagynda galýar. Kometa ýa-da asteroid bolmagy mümkin ene jisim entek ygtybarly kesgitlenmedi" - diýip, Perm Politehniki Uniwersitetiniň bilermeni Ýewgeniý Burmistrow gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, akym sagatda alty meteor berýär we olaryň tizligi sekuntda takmynan 60 kilometre ýetýär. Olary şäheriň çyralaryndan uzakda we daň atmazynyň öň ýany synlamak has gowy bolýar.
Alymyň düşündirişine görä, Eta Wirginidler akymy asteroidlerden gelip çykýar.
"Eta Virginid meteoroidleri gurluşy we dykyzlygy boýunça meşhur Geminidlere meňzeýär" - diýip, Burmistrow belledi.
Ol synlamak üçin ýörite enjamlaryň gerek däldigini, asman açyk bolsa we ýary gijeden soň synlansa ýeterlikdigini sözüniň üstüne goşdy.
"Iň gowusy şäheriň çyralaryndan uzagrak, gündogar we günorta-gündogar tarapda asmanyň dury görünýän ýerini saýlamaly. Gözleriňiziň garaňkylyga uýgunlaşmagy üçin takmynan 20 minut gerek bolar - sabyrly boluň we gijeki görşüňize zyýan ýetirmezlik üçin telefonyňyzyň ekranyna seretmekden gaça duruň" diýip, alym sözüni jemleýär.