2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy muzeýiniň fizika-astronomiýa bölüminiň ylmy işgäri, rus alymy Aleksandr Alekseýew habar berdi.
Onuň aýtmagyna görä, dolan Aý 1-nji we 31-nji maýda görner. Şeýle ýagdaýlar birnäçe ýyldan bir gezek bolup geçýär we Aýyň hereketiniň aýratynlyklary bilen baglanyşyklydyr. Aý Ýeriň daşyndan 27,3 günde aýlanýar, ýöne Ýeriň Günüň daşyndan hereket edýändigini hasaba alanyňda, iki dolan Aýyň arasyndaky döwür, takmynan, 29,5 güne deňdir. Şol sebäpli, 31 günden ybarat bolan aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň bolmagy mümkindir.
«Gadymy döwürlerden bäri Aý dürli wakalaryň wagtyny hasaplamak üçin gollanma bolup hyzmat edipdir. Emma Aý senenamasyndaky aýlaryň sany bir ýyla doly gabat gelmeýär» – diýip, Alekseýew belledi.
Alymyň aýtmagyna görä, astronomlar üçin dolan Aý döwri synlamalar üçin amatly wagt däl, sebäbi Aýyň ýiti ýagtysy beýleki asman jisimlerini görmäge päsgel berýär.