Gün «ukudan oýandy»: alymlar 4 günlük dymyşlykdan soň işjeňligiň gaýtadan başlandygyny mälim etdi

  • 26.02.2026 16:54
  • 5.5k+

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň habar bermegine görä, Günde dört günlük doly asudalykdan soň işjeňlik täzeden başlandy. Bu hadysanyň alamatlary iki-üç gün ozal emele gelip başlan täze tegmiller toparynda hasaba alyndy.
Kosmos barlaglary institutynyň hünärmenleri häzirki işjeňlik merkeziniň fewral aýynyň başynda güýçli alawlamalaryň sany boýunça XXI asyryň rekordyny goýan 4366 belgili zolak bilen baglanyşykly däldigini anyklady. Häzirki wagtda bolup geçýän hadysalar Gün diskiniň günorta böleginde ýüze çykýar. Bu zolakdaky şöhlelenmäniň derejesi M klasyna ýakyndyr, emma bu ýeriň gorizonta golaý ýerleşýändigi sebäpli, alawlamalaryň bir bölegi görünmän galýar. Hünärmenler eýýäm agzalan klasdaky alawlamalaryň tapgyrynyň emele gelýän bolmagynyň mümkindigini aýdýar.
Mundan ozalky 4366 belgili işjeň merkez şu aýyň başynda iň ýokary X klasyna degişli alty sany we M klasyna degişli 70-e golaý güýçli alawlamany döretdi. Günüň arka tarapyna geçenden soň hem bu zolak öz güýjüni saklap galdy.
«Demirgazykdaky gorizontdan tegmillerden ösüp çykýan magnit halkalary görünýär, ýöne tegmilleriň özi heniz görnenok. Emma häzirki işjeňligiň muňa hiç hili dahyly ýok. Bu Günüň günorta gyrasynda täze dünýä inen ýaş toparyň turuzýan tupanydyr» — diýip, barlaghanada bellenildi.


22.03.2026 16:34
4.1k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.2k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...