2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulmasy boldy. Bu hadysany Ýer ýüzünde bary-ýogy sanlyja adam gördi

  • 18.02.2026 09:22
  • 4.5k+

17-nji fewralda Antarktidada 2026-njy ýylyň ilkinji Gün tutulma hadysasy hasaba alyndy. Aşgabat wagty bilen sagat 16:44 töweregi Aý Günüň merkezi bölegini doly örtüp, onuň diňe gyralarynyň görünmegini, ýagny "otly halka" täsirini emele getirdi.

Bu täsin astronomik hadysany Ýer ýüzünde bary-ýogy onlarça adam, ýagny Antarktidada ýerleşýän russiýaly we awstraliýaly alymlar, ylmy stansiýalaryň agzalary göni ýaýlymda synlamaga mümkinçilik aldy. Ýer ýüzüniň bu yklymyndaky "Mirnyý" stansiýasynda Günüň halkalaýyn tutulma fazasy doly göründi. "Deýwis" stansiýasyndaky alymlar bolsa Aýyň Günüň ýüzüni doly diýen ýaly örtendigini görseler-de, bu nokatda "otly halka" doly emele gelmedi.
Sebitiň örän uzakda ýerleşmegi we görünýän zolagynda adamlaryň gaty azlygy sebäpli, bu hadysa 2026-njy ýylyň iň çetde galan we synlamak üçin iň kyn astronomik wakalarynyň birine öwrüldi.


düýn 01:04
6.7k+

«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi....

18.04.2026 23:36
3.7k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...