«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

  • 22.04.2026 01:04
  • 8.3k+

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi.

Institutyň maglumatlaryna görä, aýsberg ownuk böleklere bölünip, ilkibaşdaky meýdanynyň 99%-ini ýitirdi.

«Ýanwar aýynda aýsbergiň meýdany, takmynan, 1300 inedördül kilometrdi. Häzirki wagtda onuň meýdany 50 inedördül kilometrden hem az — diýip, Institutyň Buz we gidrometeorologik maglumatlar merkeziniň baş hünärmeni Polina Soloşuk gürrüň berdi. — Häzirki wagtda A23a aýsbergi arassa suwda ýüzmegini dowam etdirýär we göni gözüň öňünde böleklere dargaýar».

Soňky üç aýyň dowamynda aýsberg, takmynan, bir müň kilometr ýol geçip, Günorta we Atlantik ummanlarynyň serhedinden geçdi. Häzirki wagtda ol günorta giňliginiň 49-njy paralleliniň töwereginde ýerleşýär.

«A23a aýsbergi tükendi» - diýlip, Institutyň Telegram kanalynda bellenilýär.

Aýsberg 1986-njy ýylda Antarktidadaky Filhner şelf buzlugyndan bölünip aýryldy. Şol wagt onuň meýdany 4170 inedördül kilometr bolup, bu görkeziji Aşgabadyň meýdanyndan, takmynan, 4,5 esse uludy.

30 ýyldan gowrak wagtlap ol Ueddell deňzinde ýalpaklykda durdy, soňra Antarktidanyň kenarýakasy boýunça hereket edip başlady. 2025-nji ýylyň başynda aýsberg ýene-de saýa batdy, awgust aýynda bolsa Günorta Georgiýa adasynyň golaýynda hereketini dowam etdirdi.

2025-nji ýylyň ahyryna çenli onuň meýdany 1370 inedördül kilometre çenli azaldy we şondan soň ol dünýäniň iň uly aýsbergi diýlip hasaplanmagyny bes etdi.


17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

15.06.2026 22:20
5.7k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

15.06.2026 16:12
4.5k+

Ýuwaş ummanynda soňky onýyllyklaryň iň güýçli El-Ninýo hadysalarynyň biri emele geldi

ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary dolandyryşy (NOAA) we Bütindünýä meteorologiýa guramasy Ýuwaş ummanynyň işjeň El-Ninýo fazasyna girendigini habar berdiler, bu bolsa soňky onýyllyklaryň iň......

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......