Dagystanda güýçli suw joşguny dowam edýär

  • 29.03.2026 01:10
  • 16k+

Dagystanda dowam edýän çakdanaşa güýçli ýagyşlar uly göwrümli suw joşgunyny emele getirdi. Tebigy hadysa zerarly 14 sany etrapda elektrik üpjünçiligi kesildi. Sebitiň paýtagty Mahaçkala şäherinde 60 müňden gowrak adam çyrasyz galdy we şeýle ýagdaýyň täsiri umumylykda sebit boýunça 327 müňden gowrak adama ýetdi.

Iň agyr ýagdaý Mahaçkala, Derbent we Dagestanskiýe Ogni şäherlerinde hasaba alyndy. Paýtagtda onlarça jaýy, aýratyn hem hususy howlylary suw basdy. Mash hem-de Shot Telegram-kanallary 20-den gowrak jaýyň suw astynda galandygyny, 30-dan gowrak awtoulagy bolsa suw akymynyň alyp gidendigini habar berýär.

Derbentde derýalar hanasyndan çykyp, ýollary suw basdy. Dag eňňitlerinden inýän güýçli suw akymlary ýoldaky awtoulaglary agdaryp, alyp gitdi. Hasawýurtda siliň netijesinde demir ýol köprüsi weýran boldy we otly gatnawy wagtlaýynça togtadyldy. Mahaçkalada bolsa adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Käbir ýerlerde suwuň derejesi 1,5 metre çenli ýetdi.

Häzirki wagtda ähli adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gulluklar güýçlendirilen iş tertibine geçirildi. Halas edijiler ýaşaýjylary gaýyklar arkaly ewakuasiýa edýärler.

Sinoptikleriň çaklamasy boýunça ýaramaz howa ýene birnäçe gün dowam eder. Şonuň üçin häkimiýetler ýaşaýjylary seresap bolmaga we mümkin boldugyndan öýden çykmazlyga çagyrýarlar.


düýn 14:57
5.3k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.1k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....