Suw yzyna gelýär: Dagystan bir hepdede ikinji suw joşgunyny başyndan geçirýär

  • 06.04.2026 14:33
  • 11k+

Dagystanda bir hepdäniň içinde ikinji gezek uly göwrümli suw joşguny boldy. Bu gezekki weýrançylyklaryň netijeleri has-da agyr boldy.

Tebigy apatyň mart aýynyň ahyryndaky birinji zyýany on müňlerçe ýaşaýjyny elektrik energiýasyz galdyrypdy, 800-den gowrak öýi suw basypdy, awtomobil ýollarynda gatnawlary kesip, demir ýol geçelgelerine zeper ýetiripdi. 4-nji we 5-nji apreldäki täze güýçli ýagyşlar weýrançylygyň nobatdaky tapgyryna sebäp boldy.

Suw akymlary Mahaçkala, Derbent, Hasawýurt, Dagystan Otlary we beýleki ilatly nokatlaryň köçelerini basdy. Respublikanyň paýtagtynda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi, 140-a golaý oba çyrasyz galdy, demir ýol gatnawy we suw arassalaýjy desgalaryň işi bozuldy, federal ýoluň üstüne sil akymlary geldi.

Güýçli ýagyşlar zerarly dörän suw joşguny netijesinde Mahaçkaladaky üç gatly jaýyň düýbi opurylyp, bina ýykyldy. Onuň golaýyndaky ýene-de dört sany köp öýli ýaşaýyş jaýy gabaldy — hünärmenler täze ýumrulmalaryň bolup biljekdigini duýdurýar. 300-e golaý ýaşaýjy ewakuasiýa edildi: olaryň bir bölegi wagtlaýyn nokatlarda ýerleşdirildi, beýlekileri bolsa wagtlaýynça garyndaşlarynyňka göçdi.

Hasawýurtda bolsa suw Ýaryk-su derýasynyň üstünde ýerleşýän ygtyýarlandyrylmadyk bazary syryp äkitdi. Ýerli ýaşaýjylaryň sosial ulgamlarda paýlaşýan wideolarynda akymyň halylary, matalary we hatda hojalyk tehnikalaryny hem akdyryp barýandygyny görmek bolýar. Şeýle-de, Balýurt obasyna suw basmak howpy abanýar.


düýn 20:17
3.9k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......