Donald Trampa dowamly wena ýetmezçiligi kesel kesgidi goýuldy

  • 23.07.2025 06:54
  • 17k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampda dowamly wena ýetmezçiligi kesel kesgidi goýuldy. Bu barada  Ak tamyň beýanyna salgylanýan Bloomberg habarlar gullugy habar berdi.

Metbugat sekretary Kerolaýn Lewittiň sözlerine görä, köpçülik Amerikanyň ýurt baştutanynyň topuklaryndaky çişe we elindäki göge üns berenden soň, 79 ýaşly Prezident lukmançylyk barlagyndan geçdi. Lukmanlar çişiň wena damarlaryndaky bozulma sebäpli ýüze çykandygyny aýtdylar. Lewitt munuň 70 ýaşdan uly adamlarda adaty ýagdaýdygyny we uly ýaşly her ýigriminji adamda duş gelýändigini düşündirdi.
Ak tamyň lukmany Şon Barbabella Trampyň wena damarlarynyň trombozynyň, arterial keseliň, ýürek ýetmezçiliginiň ýa-da böwrek ýetmezçiliginiň alamatlarynyň ýokdugyny aýtdy. Gan barlaglary adaty çäklerde. Lukman Trampyň fiziki taýdan oňaýsyzlyk duýmaýandygyny we ýagdaýynyň kemsiz gowudygyny aýtdy.
Lewittiň aýtmagyna görä, Trampyň ellerindäki gökler ýygy-ýygydan bolýan el gysyşmalar sebäpli peýda çykýar we ýürek-damar keselleriniň öňüni almak üçin Prezidente bellenen aspirini içmeginiň "zyýansyz täsiridir".


20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......