Türkmenistandan Merdan we Şöhrat Toýlyýewler "Ýüpek ýoly - 2025" halkara rallisinde ýeňiş gazandylar

  • 25.07.2025 17:05
  • 19k+

22-nji iýulda Gorno-Altaýsk (RF) şäherinde «Ýüpek ýoly» halkara rallisi tamamlandy. T2 seriýaly off-road ulaglarynyň ýaryşynda umumy hasap boýunça 214 belgide çykyş eden doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler ýeňiş gazandylar. Bu ýeňiş olar üçin 2022-nji ýyldaky «Ýüpek ýoly» ýaryşyndaky üstünliklerinden soň ikinji boldy. 2023-nji ýylda olar ikinji orny eýeläpdi.

Ýeňijiler, takmynan, 600 km uzynlygy bolan Koş-Agajadan Gorno-Altaýska çenli dowam eden jemleýji tapgyryň netijesinde kesgitlenildi. Bu tapgyrda 216 belgide çykyş eden Mejlis Abdullaýew bilen Italmaz Çaryýewiň ekipažy Toýlyýewlerden 48 sekunt öňe geçdi, ýöne bu ahyrky netijä täsir etmedi. Olar umumylykda ikinji orny eýelediler.
215 belgide çykyş eden Maksatmyrat Daňatarow bilen Didar Orazmedow üçünji orny aldylar. Olar geçen ýyl hem bürünç medal bilen çäklenipdiler.
15-nji marafon 12-nji iýulda Irkutskda badalga alyp, ýaryşyň ugry Russiýa bilen Mongoliýanyň üstünden geçdi. Ekipažlar 4 811 km ýol geçip, Baýkaldan Burýatiýa çenli, Gobi çölüni, Mongol-Else gumlaryny we Altaý daglaryny geçdiler.


18.06.2026 14:40
4.3k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

08.06.2026 12:15
2.1k+

Roman Şogjiýew grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy

Russiýaly Roman Şogjiýew taryhda grossmeýsteriň ilkinji normasyny ýerine ýetiren iň ýaş küştçi boldy. Bu barada Russiýanyň küşt federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär....