Beýik Britaniýada Uilýam Terneriň bir ýarym asyr mundan öň ýitirilen suraty tapyldy

  • 08.06.2025 21:09
  • 4.9k+

Beýik Britaniýada iňlis suratkeşi Uilýam Terneriň 150 ýyl bäri hiç hili maglumat bolmadyk suraty tapyldy. Bu tapyndy barada Sotheby’s auksion öýüne salgylanyp, BBC News we The Guardian habar berýär.

Ýagly reňk bilen çekilen surat “Göterilýäm harasat” (The Rising Squall) diýlip atlandyrylýar. Onda tupanly peýzažda Bristoldaky Hot-Uells gyzgyn çeşmesi şekillendirilen. Bu Terneriň iň irki eserleriniň biri bolup, ony suratkeş 1792-nji ýylda 17 ýaşynda çekipdir. Bir ýyldan soň surat ilkinji gezek Patyşalyk akademiýasynda görkezildi.
Suratyň ykbaly barada 1858-nji ýyldan, ýagny soňky gezek Awstraliýada görkezilenden bäri hiç hili maglumat ýokdy. Uzak wagtlap, 2024-nji ýylda dikeldiş işleri wagtynda suratda suratkeşiň goly tapylýança, ony Terneriň çekendigini hiç kim bilmedi. Ozal hünärmenler Terneriň ýagly reňk bilen çeken iň irki eseri diýip “Deňizdäki balykçy” suratyny hasaplaýardy.
Surat 28-nji iýundan 1-nji iýul aralygynda Londondaky Sotheby’s öýünde görkeziler, soňra auksionda satylar. Onuň çen-takmyn bahasy 300 müň funt sterlinge (405 müň dollar) barabar.


16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
957

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......