Täze Zelandiýada taryhda ilkinji gezek Türkmenistanyň ilçisi işläp başlady

  • 17.07.2025 16:53
  • 16k+

16-njy iýulda Wellingtondaky Hökümet binasynda Täze Zelandiýanyň general-gubernatory Sindi Kironyň adyna ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäginde Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky taryhda ilkinji Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow resmi taýdan akkreditasiýa edildi.

Ilçiniň bellenilmegi Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilçilikleriniň giňeldilmegine gönükdirilen syýasatynyň çäklerinde amala aşyryldy. Ilçini bellemek hakyndaky Perman Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 2025-nji ýylyň 27-nji aprelinde gol çekildi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky (Tokio şäherindäki) ilçisi Atadurdy Baýramow şol bir wagtda Täze Zelandiýada hem ilçi wezipesine bellendi.
Şol gün Täze Zelandiýanyň general-gubernatoryna Polşanyň, Türkiýäniň ilçileri, şeýle hem Solomon adalarynyň we Maldiwleriň ýokary komissarlary ynanç hatlaryny gowşurdylar. Türkmenistan Täze Zelandiýada ilkinji gezek resmi taýdan wekilçilik edýän ýurtlaryň biri boldy. Şeýle ýurtlaryň hatarynda Mikroneziýanyň Federatiw Ştatlary hem bar.
Dabara milli medeni däpler bilen baýlaşdyryldy. Türkmen diplomaty maoriler halkynyň milli dessury bolan “hongi” – alnyň hem-de burnuň degmegi arkaly "jan howasynyň" alşylmagyny alamatlandyrýan däp boýunça garşy alyş dabarasyna gatnaşdy. Bu däbe gatnaşmak medeni köpdürlüligiň we milli däplere hormatyň nyşany hökmünde aýratyn ähmiýete eýe boldy.


düýn 19:38
2.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......