Ýaryşlarda ömrüne ýeke gezek hem ýeňiş gazanyp görmedik at mobil oýnuň gahrymanynyň prototipine öwrüldi

  • 17.07.2025 18:01
  • 18k+

20 ýyldan gowrak öň sport karýerasyny tamamlan 29 ýaşly ýapon çapuw aty "Haru Urara" 26-njy iýunda çykan Uma Musume Pretty Derbi mobil oýnundaky gahrymanyň prototipi boldy. Bu bir wagtlar yhlaslylygyň nyşanyna öwrülen haýwana täzeden gyzyklanma döretdi diýip, UPI ýazýar.

Haru Urara 113 ýaryşa gatnaşyp, olaryň hiç birinde ýeňiş gazanyp bilmändi. Şeýle-de bolsa, çydamlylygy we tanalýan keşbi bilen Ýaponiýada giňden meşhurlyk gazandy - ol ýaryşlara gülgüne esbaply çykýardy we Hello Kitty-niň nikabyny geýýärdi. Şowsuzlyklaryna garamazdan, özüni çydamlylygyň we optimizmiň nyşany hasaplaýan janköýerleri gazanmagy başardy.
Uma Musume Pretty Derby oýnunda gahrymanlar ýaryşlara gatnaşýan atlaryň gulaklary we guýruklary dakylan gyzlar hökmünde suratlandyrylýar. Haru Urara atly gahrymanyň toslanyp tapylan terjimehaly onuň şadyýanlygyny we boýun synmazaklygyny nygtaýar: "Ol hernäçe utulsa-da, barybir hemişe ýylgyrýar. Elmydama elinden gelenini edýär we geljege ynam bilen garaýar".
Resmi janköýerler klubynyň agzasy Haru Uraranyň fewral aýynda doglan gününi bellän mahaly diadema geýen suratyny internetde ýerleşdirenden soň, atyň meşhurlygy ýene-de artdy. Bu surat sosial ulgamlarda giňden ýaýrady.

şu gün 22:13
40

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

şu gün 22:11
21

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

şu gün 22:08
62

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

şu gün 11:17
3.2k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......