“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin "Awaza" goşmaça howa gatnawlaryny ýola goýar

  • 24.07.2025 19:16
  • 18k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň 17–26-njy awgusty aralygynda Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň çagalaryny «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sagaldyş-dikeldiş merkezlerine äkidip-getirmek maksady bilen, goşmaça howa gatnawlary amala aşyrar. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, bu çäreler tomus dynç alyş möwsüminde çagalaryň netijeli dynç almagyny, saglygynyň dikeldilmegini üpjün etmek bilen bir hatarda, döwletiň ýaş nesle berýän aýratyn ünsüni hem açyk görkezýär.


şu gün 10:55
125

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
6.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.3k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.2k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......