Beýik Britaniýadaky bir obany tawus guşlary eýeledi

  • 21.06.2025 11:41
  • 11k+

Beýik Britaniýadaky Hibaldstou obasyny tawus guşlary eýeledi. Guşlar awtomobillere hüjüm edip, özleriniň aýnadaky keşplerine haýbat atýar. Olar baglyklara we mazarlara zeper ýetirýär, şeýle-de ýiti sesleri bilen ýerli ýaşaýjylary biynjalyk edýär diýip, The Telegraph habar berýär.

Tawus guşlary obada 1960-njy ýyllardan bäri ýaşaýar, ýöne häzir ýaşaýjylary olaryň populýasiýasynyň çalt artmagy alada goýýar. 75 ýaşly Les Gladuell ýakynda öz baglygynda 18 tawus guşuny sanandygyny gürrüň berdi.

“Olar baglyklary weýran edip, göze ilen ähli zatlary iýdi, üstesine-de olar ulagyma hüjüm edýär. Bu owadan guşlar we käwagt olaryň obanyň içinde gezmelemegini görmek ýakymly, ýöne häzir bu çäkden çykdy” – diýip, ol belledi.

Oba geňeşiniň agzasy Dewid Stothard tawus guşlaryny Hibaldstoudan doly çykarmagyň başartmajakdygyny belledi.

“Biz ýygnak geçirip, meseläni orta atdyk. Bir zenan guşlaryň sanyny azaltmagy teklip etdi. Ahyrynda, biz tawus guşlary galmaly diýen netijä geldik, ýöne ol, eger islese, başga ýere göçüp biler” – diýip, Stothard aýtdy.


16.06.2026 23:19
2.1k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......