Dronlaryň kömegi bilen Amazonkada pyşbagalaryň höwürtgeleýän dünýäde iň uly ýeri tapyldy

  • 19.07.2025 17:57
  • 21k+

Florida uniwersitetiniň alymlary Amazonka jülgesinde Guapore derýasynyň boýunda ýygnanan, Günorta Amerikanyň derýalarynda ýaşaýan 41 000 töweregi uly pyşbagany hasaba aldylar diýip, Phys.org portaly habar berýär.

Barlag pilotsyz uçarlar, howadan surata düşürmek we statistiki modelirlemek arkaly geçirildi. 1187 pyşbaganyň çanagyna ak reňkli bellikler edildi, şondan soň dron 12 günüň dowamynda günde dört gezek uçup, her uçuşynda 1500 surat aldy. Alnan suratlardan ortofotoplan döredildi, onda hünärmenler belligiň bardygyny we pyşbaganyň işjeňligini göz öňünde tutup, her pyşbagany ýazga aldylar.
Ýerüsti gözegçilikler bilen dronlaryň berýän maglumatlary deňeşdirilende düýpli çaprazlyklaryň bardygy mälim boldy. Synçylar 16 000 pyşbagany hasaba aldylar, suratlaryň adaty düzedilmedik şekil derňewinde olaryň sany 79 000 boldy. Pyşbagalaryň göçüş we özüni alyp baryş modelini göz öňünde tutup, olaryň hakyky sany 41 müň diýip düzedildi.

"Sanlardaky şeýle düýpli çaprazlyk tebigaty goramak başlangyçlary üçin çynlakaý meseleleri döredýär. Hakyky sanyny takyk bilmezden, görnüşiň ne azalýandygyna, ne-de bir ony köpeltmek işiniň üstünlikli barýandygyna dogry baha berip bolýar" -diýip, bilermenler belleýärler.

Barlag topary geljekde gözegçiligiň usullaryny kämilleşdirmegi we Kolumbiýada, Peruda we Wenesuelada gözegçilikleri giňeltmegi meýilleşdirýär.

şu gün 14:38
167

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

şu gün 08:10
2.8k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

düýn 16:08
3.2k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....