Baku şäherinde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň haýyr-sahawat gaznalarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi

  • 17.07.2025 12:05
  • 16k+

16-njy iýulda Baku şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşyk barada şol gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygynda belläp geçdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu duşuşygyň ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Şunuň bilen birlikde, Gurbanguly Berdimuhamedow sport ulgamynda tejribe alyşmagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Sportuň göreş görnüşi iki ýurtda-da meşhurdyr. Munuň özi bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär.

Gepleşikler tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa we Geýdar Aliýew adyndaky gaznanyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.


düýn 17:39
1.4k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......