Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

  • 14.05.2026 19:01
  • 1.9k+

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi.

Çäreler Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän «Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýa» taslamasynyň çäginde guraldy. Onuň maksady sebitiň hukuk binýadyna berlen bahanyň netijeleri bilen tanyşdyrmakdan we Türkmenistanda döwrebap kadalaşdyryjy gurşawy döretmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamakdan ybarat boldy.

Maslahatlara döwlet we hususy pudaklardan 60-a golaý wekil, şol sanda degişli ministrlikleriň, edaralaryň işgärleri we telekeçilik jemgyýetçiliginiň agzalary gatnaşdy. Duşuşyklaryň esasy wezipesi Merkezi Aziýada sanly söwdanyň kadalaşdyryjy-hukuk taýdan düzgünleşdirilişiniň taýýarlygyny ara alyp maslahatlaşmakdan hem-de ýurdy halkara söwda ulgamyna goşmak boýunça geljekki ädimleri kesgitlemek üçin pikirleri jemlemekden ybarat boldy.

Işiň birinji güni, ýagny 11-nji maý hususy pudaga gönükdirildi. Gatnaşyjylar düzgünleşdirmegiň döwrebap usullaryna, Bütindünýä Söwda Guramasynyň elektron täjirçilik boýunça Ylalaşygynyň taslamasynyň düzgünlerine we işewürlikde sanly gurallary ulanmagyň amaly taraplaryna garady. Işewürlik toparlarynyň wekilleri onlaýn-tölegler we sanly kanallar arkaly täze bazarlara çykmakdaky kynçylyklar baradaky garaýyşlary bilen paýlaşyp, deňagramly kanunçylyk tekliplerini döretmekde telekeçiligiň ornuny aýratyn belledi.

12-nji maýda döwlet pudagy üçin içerki we halkara başlangyçlara bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. HSM-iň bilermenleri sebitiň bäş ýurdunda: Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda DTRRA usulyýeti boýunça geçirilen synag bahasynyň netijelerini tanyşdyrdy. Bu seljerme milli kanunçylygyň BSG-niň öňdebaryjy tejribelerine nähili derejede laýyk gelýändigini kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Baha bermegiň netijeleri boýunça Türkmenistan üçin sanly söwdany ulgamlaşdyrmaga we ony hukuk ulgamyna girizmäge gönükdirilen anyk maslahatlar berildi. Geçirilen pikir alyşmalar barlagyň türkmen böleginiň maglumatlaryny takyklamaga hem-de gyzyklanma bildirýän taraplaryň tekliplerini öwrenmäge ýardam etdi, bu bolsa amatly maýa goýum we işewürlik gurşawyny döretmek üçin zerurdyr.

Geçirilen çäreler HSM-iň tehniki goldawynyň dowamy bolup, häkimiýet bilen işewürligiň arasyndaky gepleşikleriň berkidilmegine goşant goşdy. «Türkmenistan: söwdanyň durnuklylygy we integrasiýa» taslamasy işewürlik gurşawyny gowulandyrmak, kiçi we orta telekeçiligiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak hem-de ýurduň sebit we dünýä söwdasyna gatnaşmagyna ýardam bermek ugrundaky işlerini dowam etdirýär.


düýn 16:07
1.6k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.1k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....