Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 03.05.2026 15:54
  • 2.7k+

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdy.

Duşuşygyň dowamynda häzirki zaman şertlerini nazara almak bilen, ikitaraplaýyn özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we işewürlik gatnaşyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak barada pikir alşyldy. Hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga aýratyn üns berildi.

Özara söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak we iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň we Türkmen-türk işewürler geňeşiniň işi barada bellenildi. Şeýle hem, degişli ugurlar boýunça sergileriň we bilelikdäki işewürlik forumlarynyň geçirilmeginiň gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.


20.06.2026 11:41
3.6k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:30
3.3k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......