MTV VMA aýdym-saz baýragyna dalaşgärler belli boldy: Teýlor Swift nominasiýa sany boýunça öňde

  • 08.08.2024 13:09
  • 4.3k+

7-nji awgusta geçilen gije Los-Anjelesde MTV Video Music Awards (VMA) 2024 aýdym-saz baýragyna dalaşgärler yglan edildi. Nominasiýa sany boýunça lider Teýlor Swift (10) boldy. Bir ýyl öň hem Swift on bir nominasiýa bilen sanawda birinji orny eýeledi we dokuz kategoriýada ýeňiji boldy diýip, Billboard ýazýar.

Şu ýyl Teýlor Swift “Fortnight” kompozisiýasy üçin “Ýylyň artisti”, “Ýylyň aýdymy”, “Iň gowy kollaborasiýa” we “Ýylyň iň gowy wideosy” ýaly kategoriýalarda dalaşgär görkezildi. Ol öz klibini gurnandygy üçin “Iň gowy režissýor” kategoriýasynda dalaşgär görkezilen ýeke-täk zenan artist boldy.
Repçi Post Malone dokuz nominasiýada görkezildi. Üçünji orunda alty nominasiýa bilen repçi Eminem, aýdymçylar Sabrina Karpenter we Ariana Grande ýerleşdi.
Megan Thee Stallion bilen SZA-nyň her biri bäş, Lisanyň, Oliwiýa Rodrigonyň we Teddi Swimsiň bolsa her biri dört nominasiýa aldy.
MTV Video Music Awards (VMA) 2024-üň gowşurylyş dabarasy 10-njy sentýabrda Nýu-Ýorkdaky UBS Arena-da geçiriler we MTV telekanalynyň göni ýaýlymynda görkeziler. Ýeňijiler üçin ses berişlik eýýäm başlandy.

Esasy nominasiýalar:

Ýylyň artisti:

  • Teýlor Swift
  • Ariana Grande
  • Bad Bunny
  • Eminem
  • Sabrina Karpenter
  • SZA

Ýylyň wideosy:

  • We Can't Be Friends (Wait for Your Love) — Ariana Grande
  • Lunch — Billi Aýliş
  • Paint The Town Red — Doja Cat
  • Houdini — Eminem
  • Snooze — SZA
  • Fortnight — Teýlor Swift we Post Malone

Ýylyň aýdymy:

  • Texas Hold 'Em — Beýonse
  • Lovin On Me — Jek Harlou
  • Not Like Us — Kendrik Lamar
  • Espresso — Sabrina Karpenter
  • Fortnight — Teýlor Swift we Post Malone
  • Lose Control — Teddi Swims

Iň gowy täze artist

  • Benson Bun
  • Çappel Ron
  • Greýsi Abrams
  • Shaboozey
  • Teddi Swims
  • Tyla

Iň gowy rok-wideo:

  • Legendary — Bon Jovi
  • Feelslikeimfallinginlove — Coldplay
  • Dilemma — Green Day
  • Mustang — Kings of Leon
  • Human — Lenni Krawis
  • Atomic City — U2

03.06.2026 22:59
2.6k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....

26.05.2026 19:08
3.2k+

BTS, Katseye we Sabrina Karpenter American Music Awards-da Teýlor Swifti baýraksyz galdyrdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda American Music Awards 2026 (AMA) aýdym-saz baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýeleri Katseye, Sombr, Sabrina Karpenter, BTS we Bruno Mars boldy — bu......

15.05.2026 18:00
3.2k+

Weezer-iň, Teýlor Swiftiň we Beýonseniň ýazgylary ABŞ-nyň Milli sanawyna goşuldy

Teýlor Swiftiň «1989» (2014) albomy we Beýonseniň «Single Ladies (Put a Ring on It)» aýdymy ABŞ-nyň Milli ses ýazgylarynyň sanawyna (reýestr) — medeni, taryhy ýa-da estetik taýdan ähmiýetli diýlip ykrar edilen......

30.04.2026 19:23
5.7k+

Teýlor Swift emeli aňdan goranmak üçin sesini we keşbini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrýar

Meşhur aýdymçy Teýlor Swift ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna haryt nyşanlaryny hasaba aldyrmak üçin üç sany arza tabşyrdy diýip, Variety neşiri habar berýär....