"Men begenjimden aglaýan" diýýän Teýlor Swift ilkinji albomlaryna hukugy satyn aldy

  • 02.06.2025 13:46
  • 3.7k+

Amerikaly aýdymçy Teýlor Swift özüniň ilkinji alty albomynyň master-ses ýazgylaryny (soň albomlaryň nusgalary alynýan asyl ses ýazgylary) satyn aldy. Ol muny resmi web sahypasyndaky hatynda mälim etdi.

Aýdymçy "Munuň hakykata öwrülendigini bilenim bäri, wagtal-wagtal begenjimden aglaýardym. Men munuň bolup biljek zatdygy barada pikir etmekden tas el çekdim. <…> Meniň owal-ahyr döreden sazlarymyň ählisi indi özümki boldy" – diýip aýdymçy ýazdy.

Swift asyl ýazgylaryna bolan hukukgy Walt Disney Company esaslandyryjylaryň nesilleri tarapyndan dolandyrylýan Shamrock Capital maýa goýum gaznasyndan satyn aldy. Şeýle hem aýdymçy özüniň  wideokliplerine, konsert ýazgylaryna, albomlarynyň jiltlerine, suratlaryna we ýaýradylmadyk aýdymlaryna bolan hukugyny aldy.
2019-njy ýylda Swift-iň ilkinji alty albomyna bolan hukugy aýdym-saz menejeri Skuter Braun satyn alypdy. Onuň Ithaca Holdings kompaniýasy Big Machine Records leýblini satyn alypdy, Swift onuň bilen ol 15 ýaşyndaka şertnama baglaşypdy. Braun soňra hukugy Şamrok Capital gaznasyna satdy. Geleşikleriň ikisiniň hem özünden rugsat alynmazdan amala aşyrylandygyna Swift nägile bolupdy.
Muňa jogap edip aýdymçy bu albomlary täzeden ýazmak kararyna geldi. 2021-2023-nji ýyllar aralygynda Fearless (ilkibaşda 2008-nji ýylda çykypdy), Red (2012), Speak Now (2010) we 1989 (2014) albomlaryny täzeden ýazgy etdi we çykardy.
Aýdymçy Reputation (2017) we debýut Taylor Swift (2006) albomlarynyň täzeden ýazylan görnüşlerini entegem çykaranok. Aýdymçynyň hatyndan olaryň çykjagyny-çykmajagyny aňyp bolmady.
Swift-iň master-ýazgylara hukugyny näçä satyn alandygy entek belli däl. 2020-nji ýylda olar 300 million dollara satylypdy. Aýdymçynyň 600 million dollardan milliard dollar aralygynda tölänmiş diýen myş-myşlar hakykata laýyk gelmeýär diýip, BBC News belleýär.


03.06.2026 22:59
2.5k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....

26.05.2026 19:08
3.2k+

BTS, Katseye we Sabrina Karpenter American Music Awards-da Teýlor Swifti baýraksyz galdyrdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda American Music Awards 2026 (AMA) aýdym-saz baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýeleri Katseye, Sombr, Sabrina Karpenter, BTS we Bruno Mars boldy — bu......

15.05.2026 18:00
3.2k+

Weezer-iň, Teýlor Swiftiň we Beýonseniň ýazgylary ABŞ-nyň Milli sanawyna goşuldy

Teýlor Swiftiň «1989» (2014) albomy we Beýonseniň «Single Ladies (Put a Ring on It)» aýdymy ABŞ-nyň Milli ses ýazgylarynyň sanawyna (reýestr) — medeni, taryhy ýa-da estetik taýdan ähmiýetli diýlip ykrar edilen......

30.04.2026 19:23
5.7k+

Teýlor Swift emeli aňdan goranmak üçin sesini we keşbini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrýar

Meşhur aýdymçy Teýlor Swift ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna haryt nyşanlaryny hasaba aldyrmak üçin üç sany arza tabşyrdy diýip, Variety neşiri habar berýär....