Billboard Music Awards 2024-üň ýeňijileri yglan edildi: Teýlor Swiftiň indi 49 baýragy bar

  • 16.12.2024 10:07
  • 3.4k+

ABŞ-da Billboard Music Awards 2024 baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Şu ýyl iň köp baýrak alan Teýlor Swift boldy. Ol 10 baýraga, şol sanda “Iň gowy ýerine ýetiriji” nominasiýasynda baýraga mynasyp boldy. Onuň The Tortured Poets Department albomy iň gowy albom diýlip ykrar edildi.

Aýdymçy tutuş karýerasynyň dowamynda BMA-nyň jemi 49 heýkelini aldy, bu bolsa rekorddyr. Ol bu görkeziji boýunça repçi Dreýkden öňe geçdi.
Baýraklaryň sany boýunça Swiftiň yzyndan bäş heýkel bilen Zak Braýan we dört heýkel bilen Morgan Uollen gelýär. Ýene dört aýdymçy özara üç baýragy paýlaşdy: Shaboozey, Bad Bunny, Dreýk we Elevation Worship.

Käbir esasy nominasiýalarda Billboard Music Awards 2024-üň ýeňijileri:

  • ·Iň gowy ýerine ýetiriji – Teýlor Swift
  • ·Iň gowy täze ýerine ýetiriji – Çappell Roan
  • ·Iň gowy aýdymçy – Morgan Uollen
  • ·Iň gowy zenan aýdymçy – Teýlor Swift
  • ·Iň gowy duet/topar – Fuerza Regida
  • ·Iň gowy R&B ýerine ýetirijisi – SZA
  • ·Iň gowy repçi – Dreýk
  • ·Iň gowy kantri ýerine ýetirijisi – Morgan Uollen
  • ·Iň gowy zenan kantri ýerine ýetirijisi – Beýonse
  • ·Iň gowy rok ýerine ýetirijisi – Zak Braýan
  • ·Iň gowy rok-duet/topar – Linkin Park
  • ·Iň gowy hard-rok ýerine ýetirijisi – Linkin Park
  • ·Hot 100-üň iň gowy aýdymy – Teddi Swims “Lose Control”

Ýeňijileriň doly sanawyny Billboard saýtynda görüp bilersiňiz.


düýn 22:32
1.2k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.2k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.8k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....