Teýlor Swift Madonnadan öňe geçip, taryhda iň üstünlikli zenan aýdymçy boldy

  • 17.11.2025 12:31
  • 3.5k+

Teýlor Swift ChartMasters-iň wersiýasy boýunça iň üstünlikli aýdymçylaryň sanawynda Madonnadan öňe geçip, bäşinji orny eýeledi. Bu ony aýdym-saz satuwynyň göwrümi boýunça taryhda iň üstünlikli zenan aýdymçy (ýa-da iň köp satylan zenan aýdymçy) edýär. Reýtingde ondan öňde diňe erkek aýdymçylar bar.

ChartMasters Equivalent Album Sales (EAS) ulgamyny ulanyp, artistleriň umumy üstünligine baha berýär. Bu ulgam albomlaryň, ýeke aýdymlarynyň (singlleriň) we sanly (stream) satuwlarynyň hem fiziki, hem sanly platformalardaky maglumatlaryny birleşdirýär.
Reýtinge görä, Teýlor Swiftiň jemi satuwy 253,7 million nusga, Madonnanyňky bolsa 253,3 million boldy. Şol bir wagtyň özünde, Madonna studiýa albomlarynyň (69,6 milliona garşy 146,5 million) we fiziki ýekelikleriň (580 müňe garşy 75 million) satuwynda öňdeligi saklaýar. Swift bolsa 175,6 milliona garşy 42,1 million bilen sanly satuwda (digital we stream) öňdeligi eýeleýär.
ChartMasters sanawynyň öňdebaryjylary bolmagynda The Beatles (522,8 million nusga), Maýkl Jekson (348 million), Elwis Presli (325,8 million) we Queen topary (289,6 million) galýar.


03.06.2026 22:59
2.4k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....

26.05.2026 19:08
3.2k+

BTS, Katseye we Sabrina Karpenter American Music Awards-da Teýlor Swifti baýraksyz galdyrdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda American Music Awards 2026 (AMA) aýdym-saz baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýeleri Katseye, Sombr, Sabrina Karpenter, BTS we Bruno Mars boldy — bu......

15.05.2026 18:00
3.2k+

Weezer-iň, Teýlor Swiftiň we Beýonseniň ýazgylary ABŞ-nyň Milli sanawyna goşuldy

Teýlor Swiftiň «1989» (2014) albomy we Beýonseniň «Single Ladies (Put a Ring on It)» aýdymy ABŞ-nyň Milli ses ýazgylarynyň sanawyna (reýestr) — medeni, taryhy ýa-da estetik taýdan ähmiýetli diýlip ykrar edilen......

30.04.2026 19:23
5.7k+

Teýlor Swift emeli aňdan goranmak üçin sesini we keşbini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrýar

Meşhur aýdymçy Teýlor Swift ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna haryt nyşanlaryny hasaba aldyrmak üçin üç sany arza tabşyrdy diýip, Variety neşiri habar berýär....