Teýlor Swift dünýäniň iň baý zenan sazandalarynyň reýtinginde Riannadan öňe geçdi

  • 07.10.2024 13:05
  • 8.1k+

“Forbes” Teýlor Swifti dünýäniň iň baý zenan sazandasy diýip atlandyrdy. Onuň baýlygy 1,6 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar.

Swift baýlygy 1,4 mlrd dollar bolan Riannadan öňe geçdi. Şeýle-de bolsa, “Diamonds” aýdymyny ýerine ýetiriji häzirem ähli döwrüň iň baý zenan sazandasy titulyny saklaýar, sebäbi onuň baýlygy birwagtlar 1,77 mlrd dollara ýetdi.
“Forbesiň” belleýşi ýaly, Swiftiň baýlygynyň 600 mln dollary gastrollaryň we konsertleriň, ýene 600 mln dollary akym hyzmatlarynyň we goşmaça 125 mln dollary gozgalmaýan emlägiň paýyna düşýär. Şeýle-de bolsa, bu baýlygyň ep-esli bölegini täzeden ýazylan albomlar emele getirýär.
Ýatlap geçsek, aprel aýynda “Forbes” Swifti milliarderleriň reýtinginde 2545-nji orunda ýerleşdirdi. Aýdymçy diňe öz aýdymlarynyň we çykyşlarynyň hasabyna reýtinge giren ilkinji zenan milliarder boldy.


03.06.2026 22:59
2.5k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....

26.05.2026 19:08
3.2k+

BTS, Katseye we Sabrina Karpenter American Music Awards-da Teýlor Swifti baýraksyz galdyrdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda American Music Awards 2026 (AMA) aýdym-saz baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýeleri Katseye, Sombr, Sabrina Karpenter, BTS we Bruno Mars boldy — bu......

15.05.2026 18:00
3.2k+

Weezer-iň, Teýlor Swiftiň we Beýonseniň ýazgylary ABŞ-nyň Milli sanawyna goşuldy

Teýlor Swiftiň «1989» (2014) albomy we Beýonseniň «Single Ladies (Put a Ring on It)» aýdymy ABŞ-nyň Milli ses ýazgylarynyň sanawyna (reýestr) — medeni, taryhy ýa-da estetik taýdan ähmiýetli diýlip ykrar edilen......

30.04.2026 19:23
5.7k+

Teýlor Swift emeli aňdan goranmak üçin sesini we keşbini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrýar

Meşhur aýdymçy Teýlor Swift ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna haryt nyşanlaryny hasaba aldyrmak üçin üç sany arza tabşyrdy diýip, Variety neşiri habar berýär....