Teýlor Swiftiň konserti Sýurihde kiçiräk ýertitremä getirdi

  • 11.07.2024 23:19
  • 8.6k+

Amerikaly aýdymçy Teýlor Swift Şweýsariýanyň Sýurih şäherinde konsert berdi, bu hem kiçiräk ýertitremä sebäp boldy. Bu barada ýerli seýsmologiýa gullugy (SED) habar berýär.

Konsert 9-njy iýulda geçirildi we oňa 50 müň adam gatnaşdy. Tomaşaçylaryň hereketi ýerasty işjeňlige getirdi, üýtgemeler “Letsigrund” stadionynyň töwereginde birnäçe kilometr aralykda sekiz sany seýsmiki ulgam stansiýasynda hasaba alyndy.
Iň ýokary seýsmiki işjeňlik 19:00 töweregi (Aşgabat wagty bilen 22:00), Swift sahna çykandan soň diýen ýaly boldy.
Ýazda Teýlor Swift “Forbesiň” milliarderler sanawyna girdi. Geçen ýylyň dekabr aýynda onuň Eras Tour konsert syýahaty taryhda iň girdejili konsert bolup we bir milliard dollardan gowrak girdeji ýygnap, dünýä rekordyny täzeledi.


03.06.2026 22:59
2.4k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....

26.05.2026 19:08
3.2k+

BTS, Katseye we Sabrina Karpenter American Music Awards-da Teýlor Swifti baýraksyz galdyrdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda American Music Awards 2026 (AMA) aýdym-saz baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýeleri Katseye, Sombr, Sabrina Karpenter, BTS we Bruno Mars boldy — bu......

15.05.2026 18:00
3.2k+

Weezer-iň, Teýlor Swiftiň we Beýonseniň ýazgylary ABŞ-nyň Milli sanawyna goşuldy

Teýlor Swiftiň «1989» (2014) albomy we Beýonseniň «Single Ladies (Put a Ring on It)» aýdymy ABŞ-nyň Milli ses ýazgylarynyň sanawyna (reýestr) — medeni, taryhy ýa-da estetik taýdan ähmiýetli diýlip ykrar edilen......

30.04.2026 19:23
5.7k+

Teýlor Swift emeli aňdan goranmak üçin sesini we keşbini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrýar

Meşhur aýdymçy Teýlor Swift ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna haryt nyşanlaryny hasaba aldyrmak üçin üç sany arza tabşyrdy diýip, Variety neşiri habar berýär....