Teýlor Swift “XXI asyryň top-artistleriniň” reýtinginde birinji orny eýeledi

  • 12.01.2025 09:08
  • 4.7k+

Teýlor Swift Billboard neşiri tarapyndan “XXI asyryň top-artistleriniň” sanawynda birinji orunda ýerleşdirildi. Reýting 2000-nji ýyldan 2024-nji ýyl aralygynda Billboard 200 albom we Hot 100 aýdym çartlarynda artistleriň görkezen netijelerine esaslanýar.

Şeýle-de, reýtingiň ilkinji onlugyna Dreýk, Rianna, Post Malone, Eminem, The Weeknd, Beýonse, Jastin Biber, Bruno Mars we Aşer girýär.
Gyzykly ýeri, Teýlor Swift Billboard çartlarynda ilkinji gezek 2006-njy ýylda “Tim McGraw” aýdymy bilen peýda boldy. Şondan bäri onuň 14 albomy Billboard 200-de birinji orny eýeledi, bu bolsa zenanlaryň arasynda rekorddyr. Aýdymçynyň 12 aýdymy Hot 100 çartynyň başyna çykdy.
2022-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Swift “Midnights” albomynyň netijesinde aýdymlary Hot 100-üň ilkinji 10 setiriniň ählisini eýelän ilkinji artist boldy. Bu üstünligi ol 2024-nji ýylyň 4-nji maýynda hem gaýtalady, “The Tortured Poets Department” albomyndaky aýdymlar çartyň ilkinji 14 setirini eýeledi.
Mundan başga-da, Swift 2009, 2015, 2023 we 2024-nji ýyllarda dört gezek Billboard tarapyndan “Ýylyň iň gowy artisti” diýlip ykrar edildi we bu kategoriýada şeýle üstünlige ýeten ilkinji aýdymçy boldy.


03.06.2026 22:59
2.4k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....

26.05.2026 19:08
3.2k+

BTS, Katseye we Sabrina Karpenter American Music Awards-da Teýlor Swifti baýraksyz galdyrdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda American Music Awards 2026 (AMA) aýdym-saz baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýeleri Katseye, Sombr, Sabrina Karpenter, BTS we Bruno Mars boldy — bu......

15.05.2026 18:00
3.2k+

Weezer-iň, Teýlor Swiftiň we Beýonseniň ýazgylary ABŞ-nyň Milli sanawyna goşuldy

Teýlor Swiftiň «1989» (2014) albomy we Beýonseniň «Single Ladies (Put a Ring on It)» aýdymy ABŞ-nyň Milli ses ýazgylarynyň sanawyna (reýestr) — medeni, taryhy ýa-da estetik taýdan ähmiýetli diýlip ykrar edilen......

30.04.2026 19:23
5.7k+

Teýlor Swift emeli aňdan goranmak üçin sesini we keşbini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrýar

Meşhur aýdymçy Teýlor Swift ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna haryt nyşanlaryny hasaba aldyrmak üçin üç sany arza tabşyrdy diýip, Variety neşiri habar berýär....