Teýlor Swift Elis Býorçiň edebi esasy boýunça film surata düşürer

  • 12.08.2025 16:36
  • 6.1k+

Aýdymçy Teýlor Swift özüniň ilkinji doly metražly filmini surata düşürmäge taýýarlanýar. Ilkibaşda meýilleşdirilişine görä, filmiň edebi esasyny onuň özi ýazmalydy, ýöne indi bu wezipe meşhur "Mirasdüşerler" serialy boýunça tanalýan tejribeli ssenariçi Elis Býorçe tabşyryldy.

Coming Soon neşiriniň berýän habaryna görä, Býorç edebi esasy Swift döredijilik hyýalyna laýyklaşdyrmak üçin onuň bilen ýakyndan işleşer.
Aýdymçynyň film döretmegi meýilleşdirýändigi 2022-nji ýylda belli boldy. 2020-nji ýyldan bäri Swift alty dürli albomyndaky aýdymlaryndan on aýdym-saz wideosyna özbaşdak režissýorlyk etdi. Olaryň arasynda "The Man ", "Fortnight" we beýleki aýdymlaryň wideolary bar. 2021-nji ýylda Sedi Sinkiň we Dilan O'Braýeniň baş keşbi janlandyrmagynda “All Too Well” atly gysga metražly filmi hem çykardy.
Elis Býorç “Mirasdüşerlerden” başga-da, Uilýam Oldroýdyň “Ledi Makbet” filminiň üstünde işledi. Şeýle hem, ol Salli Runiniň adybir romany esasynda döredilen “Sag adamlar” serialynyň edebi esasyny ýazdy. Salliniň döredijiligi, esasanam “Dostlar bilen söhbetdeşlik” romany Teýlor Swiftiň göwnünden turýar.
Býorçiň iň soňky işi, Jennifer Lourensiň we Robert Pattinsonyň baş keşbi janlandyrmagynda, Linn Remziniň “Die My Love” filminiň edebi esasy boldy. Film maý aýynda Kan film festiwalynda görkezilip, ýedi minutlyk el çarpyşmalar bilen garşylandy.


27.06.2026 11:31
2.1k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2.1k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
19k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....