“Zamananyň soňy”: Teýlor Swift öz konsert syýahaty barada dokumental serial çykarar

  • 16.10.2025 09:16
  • 4.3k+

Amerikaly aýdymçy Teýlor Swift özüniň dünýä boýunça The Eras Tour konsert syýahatyna bagyşlap, “Zamananyň soňy” (“The End of an Era”) ady bilen alty bölümli dokumental serial çykarar. Ilkinji iki bölüm 12-nji dekabrda Disney+ platformasynda çykar, galanlary her iki hepdeden iki bölümden goşular.

Döredijiler taslamany “Teýloryň konsertleriniň stadionlary ýygnap, dünýä täzeliklerinde çykan döwründe onuň durmuşyna içgin syn” hökmünde häsiýetlendirýär. Seriala perde aňyrsyndaky kadrlar, konsert syýahatyna gatnaşyjylar, aýdymçynyň dostlary we maşgala agzalary bilen söhbetdeşlik goşuldy, şeýle-de çagyrylan artistler – Ed Şiran we Florens Uelç peýda bolar.  
Birinji bölümler bilen bir wagtda Disney+ Wankuwerde geçen jemleýji konsertiň ýazgysyny çykarar. Bu wersiýa Swiftiň soňky The Tortured Poets Department albomyndan aýdymlar goşuldy. Olar öňki konsert ýazgysynda ýokdy.
Teýlor özi üçin bu taslamanyň uly tapgyryň soňlanmagy barada ýatlama galdyrmagyň usulyna öwrülendigini aýtdy: ol konsert syýahaty bilen bagly ähli wakalary we pursatlary ýazga almak hem-de ahyrky konserti dolulygyna wideo düşürmek isledi.


03.06.2026 22:59
2.5k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....

26.05.2026 19:08
3.2k+

BTS, Katseye we Sabrina Karpenter American Music Awards-da Teýlor Swifti baýraksyz galdyrdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda American Music Awards 2026 (AMA) aýdym-saz baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýeleri Katseye, Sombr, Sabrina Karpenter, BTS we Bruno Mars boldy — bu......

15.05.2026 18:00
3.2k+

Weezer-iň, Teýlor Swiftiň we Beýonseniň ýazgylary ABŞ-nyň Milli sanawyna goşuldy

Teýlor Swiftiň «1989» (2014) albomy we Beýonseniň «Single Ladies (Put a Ring on It)» aýdymy ABŞ-nyň Milli ses ýazgylarynyň sanawyna (reýestr) — medeni, taryhy ýa-da estetik taýdan ähmiýetli diýlip ykrar edilen......

30.04.2026 19:23
5.7k+

Teýlor Swift emeli aňdan goranmak üçin sesini we keşbini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrýar

Meşhur aýdymçy Teýlor Swift ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna haryt nyşanlaryny hasaba aldyrmak üçin üç sany arza tabşyrdy diýip, Variety neşiri habar berýär....