Teylor Swift iň ýaş zenan milliarder adyny asly hytaýly gyza berdi: onuň baýlygy 1,25 mlrd dollar

  • 27.04.2025 12:29
  • 10k+

Asly hytaýly Lýusi Go dünýäniň iň ýaş zenan milliarderleriniň sanawynda Teýlor Swifti yzda galdyrdy. «Forbes-iň» hasaplamasyna görä, Lýusi Gonuň baýlygy 1,25 milliard dollara barabar.

Lýusi Go kollejini taşlap, 21 ýaşynda emeli aň tehnologiýasyny işläp düzýän Scale AI kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri boldy. Onuň hyzmatdaşy 19 ýaşly Aleksandr Wandy. Go San-Fransiskoda (ABŞ) ýerleşýän startapda iş amallaryna hem-de önümçilik toparlaryna ýolbaşçylyk etdi. 2018-nji ýylda bu kompaniýanyň iki esaslandyryjysy hem Forbes-iň 30 ýaşdan kiçiler sanawyna (Forbes Under 30) girizildi. Şol ýyl olaryň kompaniýanyň geljegi baradaky garaýyşlary biri-birine laýyk gelmedi we Wan Gony işden boşatdy. Lýusi Scale AI kompaniýasyny terk etdi, ýöne kompaniýadaky paýynyň uly bölegini özünde saklap galdy.
Häzirki wagtda ol Scale AI-yň 5%-e golaý paýyna eýeçilik edýär, bu paýyň bahasy bolsa 1,2 milliard dollar diýip çaklanylýar. Gonuň beýleki aktiwleri, şol sanda Passes atly ikinji startapdaky paýy hem göz öňünde tutulanda, onuň umumy baýlygy 1,25 milliard dollara ýetýär.

«Dogrusy, bu barada kän bir oýlanyp duramok, sebäbi bu gaty geň. Gynansagam, bularyň hemmesi diňe kagyz ýüzünde» — diýip, Lýusi öz milliarder statusy baradaky garaýyşyny aýtdy.

Lýusi Go 40 ýaşdan kiçi bolup, baýlygyny özi gazanan alty zenan milliarderiň biridir. Ol şol bir wagtyň özünde, baýlygynyň köp bölegini birnäçe ýyl öň taşlap gaýdan kompaniýasyndan gazanan ýeke-täk adamdyr.
Ol Hytaýdan göçüp gelen immigrant maşgalanyň gyzydyr. San-Fransisko aýlagynyň etegindäki sebitde ulalypdyr we orta mekdepde okaýan döwri programmirleme bilen gyzyklanyp başlapdyr. Karnegi-Mellon uniwersitetinde informatika we adam bilen kompýuteriň özara gatnaşygy boýunça bilim alyp başlapdyr. Ýöne diplomyny almazyndan öň okuwy taşlap, milliarder maýa goýujy Piter Til tarapyndan maliýeleşdirilýän Til stipendiýa maksatnamasyna gatnaşmaga karar beripdir. Bu maksatnama ýaş telekeçilere öz kompaniýalaryny döretmäge mümkinçilik berýär. 2015-nji ýylda Go Quora atly kompaniýada önüm dizaýneri bolup işläp başlady, şol ýerde hem Wan bilen tanyşdy. Soňra Quora-dan çykyp, Snapchat-de hem biraz işledi, ol ýerde hem önüm dizaýny bilen meşgullandy. Ahyrynda, 2016-njy ýylda Wan bilen bilelikde Scale AI atly kompaniýany esaslandyrmaga karar berdiler.
Maglumatlara görä, Lýusi meşhur adamlar bilen gatnaşýan şadyýan we şowhunly jemgyýetçilik durmuşyny ýöredýär. Onuň dostlarynyň arasynda Bekhem maşgalasy hem bar.
Belläp geçsek, ozal iň ýaş zenan milliarderleriň sanawynyň başynda Teylor Swift bardy. Ol Eras Tour şüweleöinden alan girdejileri bilen Riannadan öňe geçipdi.


03.06.2026 22:59
2.6k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....

26.05.2026 19:08
3.2k+

BTS, Katseye we Sabrina Karpenter American Music Awards-da Teýlor Swifti baýraksyz galdyrdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda American Music Awards 2026 (AMA) aýdym-saz baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýeleri Katseye, Sombr, Sabrina Karpenter, BTS we Bruno Mars boldy — bu......

15.05.2026 18:00
3.2k+

Weezer-iň, Teýlor Swiftiň we Beýonseniň ýazgylary ABŞ-nyň Milli sanawyna goşuldy

Teýlor Swiftiň «1989» (2014) albomy we Beýonseniň «Single Ladies (Put a Ring on It)» aýdymy ABŞ-nyň Milli ses ýazgylarynyň sanawyna (reýestr) — medeni, taryhy ýa-da estetik taýdan ähmiýetli diýlip ykrar edilen......

30.04.2026 19:23
5.7k+

Teýlor Swift emeli aňdan goranmak üçin sesini we keşbini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrýar

Meşhur aýdymçy Teýlor Swift ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna haryt nyşanlaryny hasaba aldyrmak üçin üç sany arza tabşyrdy diýip, Variety neşiri habar berýär....