Jorj Lukas – iň baý meşhur adam, Teýlor Swift – milliarder

  • 04.04.2024 11:52
  • 16k+

Amerikaly kinorežissýor, “Ýyldyz söweşijilerini” dörediji Jorj Lukas ýylyň iň baý meşhur adamy adyna eýe boldy. “Forbes” žurnalynyň maglumatlaryna görä, onuň baýlygy 5,5 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar.

Ikinji orunda 4,8 mlrd dollar bilen onuň kärdeşi Stiwen Spilberg ýerleşdi. Liderleriň üçlügini öňki basketbolçy Maýkl Jordan jemleýär. Onuň baýlygy 3,2 mlrd dollar.
Şeýle-de, kino pudagyna gatnaşygy bolan beýleki meşhur adamlardan reýtinge Opra Uinfri (2,8 mlrd dollar), Kim Kardaşýan (1,7 mlrd dollar) we Piter Jekson (1,5 mlrd dollar) girdi.
Ilkinji gezek “Forbes” sanawyna Teýlor Swift hem goşuldy: 34 ýaşly aýdymçy diňe aýdym-sazyň we çykyşlarynyň hasabyna gazanan 1,1 mlrd dollar baýlygy bilen 14-nji orny eýeledi. Öň, Bloomberg 2023-nji ýylda aýdymçynyň 53 konsertiniň ABŞ-nyň JIÖ-ni 4,3 mlrd dollar artdyrandygyny habar berdi.
Belläp geçsek, meşhur adamlaryň köpüsi öz baýlygynyň esli bölegini beýleki ugurlardaky işleriniň netijesinde gazandylar. Mysal üçin, Riannanyň Fenty Beauty kosmetika kompaniýasynda we Savage X Fenty brendinde paýy bar. Aýdymçynyň baýlygy 1,4 mlrd dollara barabar.


03.06.2026 22:59
2.4k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....

26.05.2026 19:08
3.2k+

BTS, Katseye we Sabrina Karpenter American Music Awards-da Teýlor Swifti baýraksyz galdyrdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda American Music Awards 2026 (AMA) aýdym-saz baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýeleri Katseye, Sombr, Sabrina Karpenter, BTS we Bruno Mars boldy — bu......

15.05.2026 18:00
3.2k+

Weezer-iň, Teýlor Swiftiň we Beýonseniň ýazgylary ABŞ-nyň Milli sanawyna goşuldy

Teýlor Swiftiň «1989» (2014) albomy we Beýonseniň «Single Ladies (Put a Ring on It)» aýdymy ABŞ-nyň Milli ses ýazgylarynyň sanawyna (reýestr) — medeni, taryhy ýa-da estetik taýdan ähmiýetli diýlip ykrar edilen......

30.04.2026 19:23
5.7k+

Teýlor Swift emeli aňdan goranmak üçin sesini we keşbini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrýar

Meşhur aýdymçy Teýlor Swift ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna haryt nyşanlaryny hasaba aldyrmak üçin üç sany arza tabşyrdy diýip, Variety neşiri habar berýär....