Teýlor Swift täze aýdym-saz albomyny çykardy

  • 22.04.2024 11:24
  • 4k+

Amerikaly aýdymçy Teýlor Swift “The Tortured Poets Department” ady bilen täze studiýa albomyny çykardy. Albom pop-ýyldyzynyň diskografiýasynda 11-nji boldy we ol iki bölekden durýar. Aýdymçy albomyň relizi barada Instagram-da habar berdi diýip, RBK ýazýar.

Ýygyndy “Down Bad”, “Fresh Out The Slammer”, “The Alchemy” we “So Long, London” ýaly 30-dan gowrak aýdymy öz içine aldy. Şeýle-de, ýygyndyda Post Malone (Fortnight) we Florence and the Machine (Florida!!!) bilen bilelikdäki aýdymlar bar.
Aýdymçy täze albomyny “Midnights” atly öňki albomy çykanyndan 18 aý soň çykardy. Hut şu ýygyndy aýdymça “Ýylyň albomy” nominasiýasynda dördünji “Gremmi” baýragyny getirdi. Hiç bir artist bu kategoriýada şunça gezek ýeňiş gazanmandy.
2022-nji ýylyň güýzünde “Midnights” Spotify striming hyzmatynyň taryhynda bir günde iň köp diňlenen albom boldy – ol 185 million gezekden gowrak diňlenildi.


03.06.2026 22:59
2.4k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....

26.05.2026 19:08
3.2k+

BTS, Katseye we Sabrina Karpenter American Music Awards-da Teýlor Swifti baýraksyz galdyrdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda American Music Awards 2026 (AMA) aýdym-saz baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýeleri Katseye, Sombr, Sabrina Karpenter, BTS we Bruno Mars boldy — bu......

15.05.2026 18:00
3.2k+

Weezer-iň, Teýlor Swiftiň we Beýonseniň ýazgylary ABŞ-nyň Milli sanawyna goşuldy

Teýlor Swiftiň «1989» (2014) albomy we Beýonseniň «Single Ladies (Put a Ring on It)» aýdymy ABŞ-nyň Milli ses ýazgylarynyň sanawyna (reýestr) — medeni, taryhy ýa-da estetik taýdan ähmiýetli diýlip ykrar edilen......

30.04.2026 19:23
5.7k+

Teýlor Swift emeli aňdan goranmak üçin sesini we keşbini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrýar

Meşhur aýdymçy Teýlor Swift ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna haryt nyşanlaryny hasaba aldyrmak üçin üç sany arza tabşyrdy diýip, Variety neşiri habar berýär....