Kimiň stili has özüne çekiji: Superdry brendi meşhur şahsyýetleriň reýtingini hödürledi

  • şu gün 11:32
  • 788

Britaniýanyň Superdry moda brendi Teýlor Swifti iň ýaraşykly stili bolan meşhur şahsyýet diýip atlandyrdy.  

Hünärmenler 2021-nji ýylyň dekabr aýyndan 2024-nji ýylyň noýabr aýy aralygyndaky döwürde moda, egin-eşik we stil bilen baglanyşykly gözleg soraglaryny seljerdi. New York Post neşiriniň saýtynda ýerleşdirilen gözleg aýdymçynyň obrazy bilen her aý 83,2 müňden gowrak ulanyjynyň gyzyklanýandygyny görkezdi.
Ikinji orunda aýdymçy Garri Staýls ýerleşdi, onuň stili 20,8 müň ulanyjyny özüne çekýär.
Üçünji orny 20,7 müň gözleg görkezijisi bilen aktrisa Zendaýa eýeledi.
Repçi Kanýe Uest dördünji orunda ýerleşdi. 2000-nji ýyllarda sazanda dürli moda kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda Yeezy brendini döretdi. Şeýle-de, ol dizaýner hökmünde Nike, Louis Vuitton we Adidas ýaly kompaniýalar bilen işleşdi.
Ilkinji bäşligi obrazyny eýýäm birnäçe gezek üýtgeden aýdymçy Billi Aýliş jemleýär.


08.12.2024 11:10
3.7k+

Spotify-da iň köp diňlenýän aýdymçy Teýlor Swift boldy

Amerikaly aýdymçy Teýlor Swift yzygider ikinji ýyl Spotify aýdym-saz platformasynda 2024-nji ýylyň iň meşhur aýdymçysy boldy. Onuň aýdymlary 26,6 mlrd gezek diňlenildi diýlip, akym hyzmatynyň saýtynda habar berilýär...

07.12.2024 11:21
3.4k+

Beýonse Billboard-yň wersiýasy boýunça XXI asyryň iň uly pop ýyldyzy diýlip  ykrar edildi

Billboard aýdym-saz neşiriniň wersiýasyna görä, Beýonse XXI asyryň iň uly pop ýyldyzy hökmünde ykrar edildi. Ol soňky 25 ýylyň iň gowy estrada ýerine ýetirijileriniň sanawynda birinji ýeri eýeledi. Neşir onuň häzirki...

30.11.2024 10:50
1.8k+

Billboard Music Awards 2024 baýragyna dalaşgärler yglan edildi: iň köp nominasiýa alan – Zak Braýan

Billboard Music Awards 2024-nji ýylyň baýragyna dalaşgärleriň sanawyny hödürledi. Bu ýyl nominasiýa sany boýunça öňdebaryjy kantri ýerine ýetirijisi Zak Braýan boldy, ol 21 kategoriýada baýraga dalaş edýär. Bu...

23.05.2024 14:00
3.3k+

Liwerpul bir hepdelik “Teýlor-Taun” bolar: şäher pop ýyldyzyň konsertlerine taýynlanýar

Teýlor Swiftiň ýakyn wagtda Liwerpulda boljak konsertleriniň hormatyna şäher adyny bir hepde "Teýlor-Taun" diýip üýtgeder diýip, BBC ýazýar Iýun aýynyň 8-14-i aralygynda aýdymçynyň dünýäniň dürli künjeginden gelen...