Teýlor Swift “Eras” konsert syýahaty barada kitap çykarar

  • 17.10.2024 13:45
  • 3.9k+

Amerikaly aýdymçy Teýlor Swift aýdym-saz taryhynda iň köp girdeji gazanan konsert syýahaty bolan “Eras Tour” barada kitap çykarar. Bu barada ol sosial ulgamlarda habar berdi.

Swift dünýä boýunça çykyşlary barada “ýatlama galdyrmak” isleýändigini belledi. Munuň üçin ol iki taslamany – “The Tortured Poets Department: Antology” albomynyň relizini we kitap çap etmegi ýola goýdy.
Aýdymçynyň aýtmagyna görä, kitap “şahsy pikirlerden” we “hiç haçan görkezilmedik perde aňyrsyndaky suratlardan” ybarat. 256 sahypalyk kitap 29-njy noýabrda satuwa çykar.

“Gaty daşly kitapda 500-den gowrak surat, şol sanda her döwürdäki çykyşlardan alnan öň görkezilmedik suratlar, taýýarlykdaky eksklýuziw suratlar we tutuş syýahatyň dowamynda ulanylan gurallaryň, kostýumlaryň, bezegleriň we dizaýn eskizleriniň perde aňyrsyndaky suratlary hödürlendi” – diýip, Swift belledi.

“Eras” konsert syýahaty 2023-nji ýylyň mart aýynda başlady we häzirem dowam edýär. Ol dekabr aýynda Kanadanyň Wankuwer şäherinde tamamlanar. Ol ýerde Swift soňky dört albomyny: “Lover”, “Folklore”, “Evermore” we “The Tortured Poets Department” albomlaryny goldamak üçin 149-njy konsertini geçirer.
Belläp geçsek, Swiftiň film-konserti kinoprokatda Martin Skorsezeniň soňky işi bolan “Gül Aýynyň ganhorlaryndan” öňe geçdi.
Swift “Eras” wagty milliarder boldy we iň baý zenan sazandalaryň reýtinginde Riannadan öňe geçdi. Şeýle-de, ol MTV VMA-da ýekelikde ýeňişleriniň sany boýunça Beýonseniň rekordyny täzeledi, Londondaky Wiktoriýa we Albert muzeýi bolsa ol hakda sergi açdy.


03.06.2026 22:59
2.4k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....

26.05.2026 19:08
3.2k+

BTS, Katseye we Sabrina Karpenter American Music Awards-da Teýlor Swifti baýraksyz galdyrdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda American Music Awards 2026 (AMA) aýdym-saz baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýeleri Katseye, Sombr, Sabrina Karpenter, BTS we Bruno Mars boldy — bu......

15.05.2026 18:00
3.2k+

Weezer-iň, Teýlor Swiftiň we Beýonseniň ýazgylary ABŞ-nyň Milli sanawyna goşuldy

Teýlor Swiftiň «1989» (2014) albomy we Beýonseniň «Single Ladies (Put a Ring on It)» aýdymy ABŞ-nyň Milli ses ýazgylarynyň sanawyna (reýestr) — medeni, taryhy ýa-da estetik taýdan ähmiýetli diýlip ykrar edilen......

30.04.2026 19:23
5.7k+

Teýlor Swift emeli aňdan goranmak üçin sesini we keşbini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrýar

Meşhur aýdymçy Teýlor Swift ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna haryt nyşanlaryny hasaba aldyrmak üçin üç sany arza tabşyrdy diýip, Variety neşiri habar berýär....