Teýlor Swiftiň “Realyň” stadionyndaky konserti kluba 9 mln ýewrodan gowrak girdeji getirer

  • 01.06.2024 10:15
  • 13k+

Madridiň “Real” futbol kluby amerikaly aýdymçy Teýlor Swiftiň “The Eras Tour” global konsert syýahatynyň çäklerinde toparyň “Santýago Bernabeu” stadionynda berjek konsertinden 9 mln ýewrodan gowrak girdeji gazanar. Bu barada “Marca” neşirine salgylanyp, RIA Nowosti ýazýar.

“Realyň” prezidenti Florentino Peres bilen Sixth Street we Legends Hospitality amerikan kompaniýalarynyň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, çärelerden gelýän girdejileriň 70%-i Madrid toparynyň hasabyna geçer.
Teýlor Swiftiň Madriddäki konsertlerinden gelýän umumy girdeji 13 mln ýewro barabar. Şeýlelikde, “patyşalyk kluby” aýdymçynyň “Santýago Bernabeudaky” çykyşyndan, takmynan, 9,1 mln ýewro alar.
Şeýle-de, “Real” bilen amerikan kompaniýalarynyň arasynda toparyň stadionynda geçiriljek islendik beýleki çäreler üçin 360 mln ýewro möçberinde ylalaşygyň bardygy bellenilýär.

 


03.06.2026 22:59
2.4k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....

28.05.2026 17:03
4.1k+

«Real» sosial torlarda iň meşhur futbol kluby – onuň tas 488 mln agzasy bar

Halkara sport gözlegleri merkezi (CIES) sosial torlardaky yzarlaýjylarynyň sany boýunça dünýäniň iň meşhur futbol klublarynyň reýtingini düzdi. Maglumatlara görä, bu görkeziji boýunça Madridiň «Real» topary......

26.05.2026 19:08
3.2k+

BTS, Katseye we Sabrina Karpenter American Music Awards-da Teýlor Swifti baýraksyz galdyrdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda American Music Awards 2026 (AMA) aýdym-saz baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýeleri Katseye, Sombr, Sabrina Karpenter, BTS we Bruno Mars boldy — bu......

15.05.2026 18:00
3.2k+

Weezer-iň, Teýlor Swiftiň we Beýonseniň ýazgylary ABŞ-nyň Milli sanawyna goşuldy

Teýlor Swiftiň «1989» (2014) albomy we Beýonseniň «Single Ladies (Put a Ring on It)» aýdymy ABŞ-nyň Milli ses ýazgylarynyň sanawyna (reýestr) — medeni, taryhy ýa-da estetik taýdan ähmiýetli diýlip ykrar edilen......