Instagram Android-de batareýany çalt çökerip başlady: Google eýýäm çözgüt tapdy

  • 30.05.2025 13:15
  • 4.6k+

Android ulanyjylary Instagram goşundysynyň has köp energiýa sarp edip başlandygyna üns berdi. Bu mesele Reddit-de we beýleki platformalarda işjeň ara alnyp maslahatlaşyldy. Ulanyjylar deň wagtda ulanmak bilen dürli goşundylaryň energiýany sarp edişini deňeşdirdi.

Ulanyjylaryň biri, Samsung Galaxy A53 smartfonynyň eýesi Instagram-yň 54 minutda zarýadyň 12,4%-ini, WhatsApp-yň bolsa 49 minutda bary-ýogy 2,4%-ini sarp edendigini görkezdi.
Käbirleri bu meseläni Instagram-yň has köne wersiýasyny gurnamak bilen çözmäge synanyşdy, ýöne bu gurluşyň gyzmagyna getirdi. Beýlekiler Instagram Lite-a geçdi we batareýanyň sarp edilişi ep-esli peseldi. Bu meseläniň goşundynyň esasy wersiýasy bilen baglanyşyklydygyny görkezýär.
Google meseläniň bardygyny boýun aldy we 382.0.0.0.49.84 belgisi bilen Instagram täzelenmesini çykardy. Kompaniýa onuň energiýanyň köp sarp edilmeginiň öňüni almalydygyny nygtaýar. Ulanyjylara goşundynyň iň soňky wersiýasyny gurnamak maslahat berildi.
Täzelenmeden soň smartfon eýeleri akkumulýatoryň işiniň kadaly ýagdaýa gelendigini habar berdi.


09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

05.05.2026 15:24
949

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

22.04.2026 16:50
898

YouTube-da indi Shorts wideolary görkezmez ýaly edip bolýar

YouTube-yň Android we iOS üçin mobil goşundylarynda Shorts wideolaryny ulanyjy lentasyndan doly aýyrmaga mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu mümkinçilik taýmer ulgamynyň täzelenmegi netijesinde......