Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

  • 07.05.2026 00:06
  • 2.7k+

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

Bu çäre 4-nji Ýewropa kinofestiwalynyň çäklerinde görkeziljek «Flow» (Поток) animasion filmine bagyşlanyp, öý haýwanlary, aýratyn-da, pişikler baradaky gyzykly gürrüňleri paýlaşmak isleýänlere gönükdirilendir.

Bäsleşigiň esasy maksady haýwanlara bolan mähirli gatnaşygy wagyz etmekden we ýaşlaryň döredijilik işjeňligini ösdürmekden ybarat.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ulanyjylar öz pişigi barada gürrüň berýän posty ýa-da wideoşekili (Reels) taýýarlap, öz akkauntynda paýlaşmaly. Şunda @eu4turkmenistan akkauntyny bellemek we bäsleşigiň dowamynda profiliň açyk bolmagyny üpjün etmek hökmany şertdir.

Ýeňijiler 14-nji maýda sagat 18:00-da laýklaryň sany boýunça kesgitlener. Iň halanan on publikasiýanyň awtorlary Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýörite baýraklary bilen sylaglanar.


düýn 07:48
1.7k+

ÝB smartfon öndürijileriň önümleriniň hyzmat möhletini görkezmeklerini isleýär

Ýewropa komissiýasy smartfon we beýleki elektronika öndürijilerini önümleriň belliklerinde olaryň çaklanan hyzmat möhletini we bejerimäge degişlidigini görkezmäge borçly etmegi teklip etdi. Bu başlangyç satyn......

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:32
4.7k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......