Instagram ulanyjylary akkauntlaryň sebäpsiz petiklenmeginden zeýrenýär

  • 19.06.2025 13:55
  • 3.9k+

Instagram ulanyjylary eýýäm birnäçe hepde bäri akkauntlaryň açyk sebäp bolmazdan köpçülikleýin petiklenmeginden zeýrenýär. Köpler muny emeli aňa esaslanýan ulgamyň işinde bolup biljek bökdençlikler bilen baglanyşdyrýar.

Akkauntlaryň duýsansyz petiklenmegi baradaky habarlar Reddit we X sosial ulgamlarynda yzygiderli goýulýar. Şeýle ýagdaýa düşenleriň käbiri hatda şikaýat bilen ýüz tutup, şahsyýetini tassyklaýan resminamalary ýükledi, ýöne administrasiýadan jogap almady. Bellenilişi ýaly, tehniki goldawa başga ýol bilen ýüz tutmak mümkin däl.

“Men birnäçe arza iberdim, şahsyýetimi tassyklaýan resminamany ýükledim we resmi kanallar boýunça Meta bilen habarlaşmaga synanyşdym, ýöne maňa ähmiýet berilmedi. Men boş ýere gygyrýan ýaly duýgy döreýär” – diýip, ulanyjylaryň biri Reddit-de ýazdy.

Meta heniz bu şikaýatlar babatda resmi bildiriş etmedi.
change.org saýtynda eýýäm 4500-den gowrak gol ýygnan haýyşnama ýerleşdirildi. Ulanyjylar hatda akkauntlaryna girmegiň sebäpsiz togtadylandygy sebäpli kompaniýa garşy toparlaýyn şikaýat arzasyny bermegi hem göz öňünde tutýar. 


11.06.2026 23:59
6.6k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.3k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......