Bikanun kontenti aýyrmak üçin 3 sagat: Hindistan sosial ulgamlara bolan talaplary güýçlendirdi

  • 12.02.2026 19:48
  • 3.9k+

Hindistanyň hökümeti sosial ulgamlara bolan talaplary güýçlendirip, bikanun diýlip ykrar edilen kontenti aýyrmagyň möhletini habarnama alnan pursatyndan başlap, 36 sagatdan üç sagada çenli gysgaltdy. Täze düzgünler Meta, YouTube we X ýaly iri platformalara degişli bolup, olar 20-nji fewralda güýje girer.
Bu üýtgeşmeler 2021-nji ýylyň maglumat tehnologiýalary hakyndaky kanunyna (IT Rules 2021) girizilen düzedişler görnüşinde resmileşdirildi. Bu kanun öň hem häkimiýetler bilen daşary ýurtly tehnologiýa ägirtleriniň arasynda düşünişmezlikleriň ýüze çykmagyna sebäp bolupdy. Resminama döwlet edaralaryna howpsuzlyk we jemgyýetçilik tertibi bilen baglanyşykly islendik milli kanunlar boýunça bikanun hasaplanan materiallary bozmagy talap etmäge hukuk berýär.
Möhletiň üç sagada çenli gysgaldylmagynyň sebäpleri resmi taýdan düşündirilmedi. Bilermenler bu talabyň ýerine ýetirmek üçin örän kyndygyny belleýär.
«Sosial ulgamlaryň kompaniýalarynyň kontenti 3 sagadyň içinde aýryp bilmegine garaşmak asla bolmajak ýaly zatdyr — bu düzgün hakyky iş tejribesini göz öňünde tutmazdan düzülen ýaly görünýär» — diýip, Panag & Babu ýuridik firmasynyň hyzmatdaşy Agaş Karmagar belledi.
Meta kompaniýasy bu üýtgetmeler barada düşündiriş bermekden ýüz öwürdi. X we YouTube-yň eýesi bolan Google kompaniýasy bolsa habar çap edilen pursatyna çenli jogap bermedi.
Hasabatlara görä, Hindistan soňky ýyllarda platformalara kontenti aýyrmak barada müňlerçe talapnama iberdi. Meta kompaniýasy 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda hindi häkimiýetleriniň tabşyrygy boýunça 28 000-den gowrak materiala girişi çäklendirendigini habar berdi.
Şeýle-de, düzedişler emeli aň arkaly döredilen kontente bellik etmek talaplaryny hem üýtgetdi: indi anyk ölçegleriň deregine, şeýle kontentiň aýdyň we göze ilýän görnüşde bellenilmegi talap edilýär.


19.06.2026 19:38
621

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

18.06.2026 22:08
2.9k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......