Isläňokmy, aýyr: Instagram özüňi başgalaryň «Ýakyn dostlar» sanawyndan aýyrmaga şert döreder

  • 02.02.2026 14:37
  • 1.8k+

Instagram ulgamy ulanyjylaryna özlerini başga adamlaryň «Ýakyn dostlar» sanawyndan aýyrmaga mümkinçilik berýän täze funksiýany taýýarlaýar. Bu barada TechCrunch neşiri Meta kompaniýasynyň maglumatyna salgylanyp habar berýär.
Kompaniýanyň wekiliniň aýtmagyna görä, bu funksiýa häzirki wagtda işlenip taýýarlanylmagyň ilkibaşky tapgyryndadyr.
2018-nji ýylda ulgama ornaşdyrylan «Ýakyn dostlar» funksiýasy ulanyjylara öz storislerini, gysga wideolaryny we ýazgylaryny ähli abunaçylar bilen däl-de, diňe saýlanan adamlar topary bilen paýlaşmaga mümkinçilik berýär.
Täze funksiýa baradaky maglumaty programmalaryň entek işlenmedik taraplaryny tapmakda hünärmen bolan rewers-inžener Alessandro Palussi anyklady. Palussiniň çap eden ekran şekiline görä, Meta, eger ulanyjy kimdir biriniň «Ýakyn dostlar» sanawyndan çyksa, tä aňyrky tarap ony yzyna goşýança, onuň paýlaşýan hiç bir zadyny-da görüp bilmejekdigi hakda duýduryş berýär.
Bu mümkinçilik belli bir adamlaryň sanawynda bolmak islemeýän ulanyjylar üçin ýakymly täzelik bolar. Şeýle-de, muňa meňzeş funksiýanyň Instagram-yň esasy bäsdeşleriniň biri bolan Snapchat-da eýýäm bardygyny bellemek gerek.
«Ýakyn dostlar» funksiýasynyň täzelenmelerinden başga-da, Instagram ýene birnäçe täze mümkinçilikleriň üstünde işleýär.
Şoňa görä, Meta şu hepdede Instagram, Facebook we WhatsApp ulgamlarynda ulanyjylara aýratyn funksiýalara elýeterlilik döredýän täze abunalyk görnüşlerini synagdan geçirmegi meýilleşdirýär.


09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

08.05.2026 11:11
3.4k+

Iri neşirýatlar kitap ogrusy hökmünde Mark Sukerbergi kazyýete berdiler

Dünýäniň iň uly bäş neşirýaty (Elsevier, Cengage, Hachette, Macmillan we McGraw Hill) we tanymal ýazyjy Skott Turou Meta-ny kazyýete berdi. Olar Mark Sukerbergi we onuň kompaniýasyny «Llama» atly emeli......

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

05.05.2026 15:24
943

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....