Daniýada 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan edýän kanun taýýarlanýar

  • 09.11.2025 21:11
  • 3.4k+

Daniýanyň hökümeti 15 ýaşa ýetmedik çagalaryň sosial torlara girmegini gadagan edýän kanuny taýýarlap başlady. Reuters agentliginiň maglumatyna görä, täze düzgün güýje girse, ene-atalaryň özleri käbir platformalara rugsat berip bilerler.

Bu başlangyç premýer-ministr Mette Frederiksen tarapyndan goldanylýar. Onuň sözlerine görä, gadagançylyk ýaşlaryň psihologik saglygyna we howpsuzlygyna gönükdirilýär.
Parlamentdäki partiýalaryň aglabasy taslamany goldaýarlar. Sanlylaşdyrmak boýunça ministr Karolina Stage Olsen şeýle diýdi:

«Sosial torlar çagalaryň wagtyny, çagalygyny we abadançylygyny boýun edýär. Biz munuň öňüni alarys».

Maglumatlara görä, Daniýadaky çagalaryň arasynda Snapchat, YouTube, Instagram we TikTok iň meşhur platformalardyr. 13 ýaşa çenli çagalaryň 94%-niň azyndan bir sosial torda profili bar, ýaşlar bolsa ortaça günde 2 sagat 40 minut sosial mediada wagt geçirýärler.
Şuňa meňzeş gadagançylyk ilkinji bolup Awstraliýada kabul edilipdi — ol ýerde 16 ýaşa ýetmediklere sosial torlardan peýdalanmak 2025-nji ýylyň dekabryndan gadagan ediler.


14.03.2026 20:47
10k+

Trampyň administrasiýasy TikTok-y ABŞ-da «oturdandygy» üçin 10 mlrd dollara garaşýar

Hytaýyň TikTok sosial ulgamynyň ABŞ-daky işini kanunlaşdyrmak zerurlygy bilen bagly mesele Donald Trampyň ikinji prezidentlik möhletiniň başyndan bäri dowam edip gelýärdi. Köp sanly yza süýşürmelerden soň, taraplar ahyrynda TikTok-yň amerikan biznesini «oturtmak», ýagny hyzmata gözegçiligiň bir bölegini amerikan maýadarlaryna bermek barada şertnama baglaşdy...

28.01.2026 14:54
4.5k+

Amerikaly maşgalalar TikTok, Meta we YouTube-a garşy köpçülikleýin şikaýat arzasy bilen ýüz tutdular

​27-nji ýanwarda Los-Anjelesde amerikan maşgalalarynyň we mekdep okruglarynyň ýüzlerçesi Meta, Snap, TikTok hem-de YouTube korporasiýalaryna garşy beren köpçülikleýin şikaýat arzalary boýunça kazyýet işleri başlandy...

25.01.2026 17:43
3.7k+

TikTok ABŞ-da ulanyjylaryň takyk ýerleşýän ýerini yzarlamaga rugsat berdi

2026-njy ýylyň ýanwar aýynda TikTok platformasy Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ulanyjylar üçin gizlinlik syýasatyny täzeledi. Täze düzgünlere görä, programma indi ulanyjylaryň takyk ýerleşýän ýeri baradaky maglumatlary ýygnap biler...

20.12.2025 16:33
5.1k+

TikTok Amerikadaky bölümçesini satmak barada resmi taýdan şertnama gol çekdi

TikTok öz amerikan bölümçesini amerikan maýadarlary tarapyndan dolandyrylýan bilelikdäki kärhana satmak barada şertnama gol çekdi. Alyjylaryň düzümine Oracle korporasiýasy, Silver Lake we MGX kompaniýalary girdi diýip, TikTok-yň baş direktory Şou Szy Çuwuň içerki resminamasyna salgylanyp, Axios we Bloomberg ýazýar...