Trampyň administrasiýasy TikTok-y ABŞ-da «oturdandygy» üçin 10 mlrd dollara garaşýar

  • 14.03.2026 20:47
  • 10k+

Hytaýyň TikTok sosial ulgamynyň ABŞ-daky işini kanunlaşdyrmak zerurlygy bilen bagly mesele Donald Trampyň ikinji prezidentlik möhletiniň başyndan bäri dowam edip gelýärdi. Köp sanly yza süýşürmelerden soň, taraplar ahyrynda TikTok-yň amerikan biznesini «oturtmak», ýagny hyzmata gözegçiligiň bir bölegini amerikan maýadarlaryna bermek barada şertnama baglaşdy.

Indi «The Wall Street Journal» neşiriniň habar bermegine görä, ABŞ-nyň administrasiýasy TikTok-yň amerikan aktiwlerini satyn alan maýadarlardan, takmynan, 10 milliard dollar sylag puluny almaga tamakin. Şertnamanyň beýle şertleri gatnaşyjylar bilen başdan ylalaşylypdy, şonuň üçin bu ýerde amerikan hökümeti tarapyndan hiç hili «özbaşdaklyk» ýokdur. Ýanwar aýynda Oracle, Silver Lake we MGX kompaniýalary eýýäm şertnamanyň netijeleri boýunça ABŞ-nyň Maliýe ministrligine, takmynan, 2,5 milliard dollar töläpdi. Geljekde olar birnäçe tapgyrda tölegleriň umumy möçberini 10 milliard dollara ýetirmeli bolar.

Geçen ýylyň sentýabrynda Donald Tramp ABŞ-nyň häkimiýetleriniň TikTok-yň ýurduň çäginde işini dowam etdirmegine mümkinçilik berýän bu ylalaşygy ýola goýandygy üçin sylag puluna dalaş edýändigini aýdypdy. Ol bu sylagyň göz öňünde tutulýan möçberini başdan esaslandyrylan diýip atlandyrdy. Eger ABŞ-nyň häkimiýetleriniň TikTok-yň amerikan aktiwlerini 14 milliard dollar bilen bahalandyrýandygyny göz öňünde tutsaň, sylag pulunyň möçberi örän uly görünýär. Söwdanyň netijesinde TikTok-yň amerikan biznesiniň 20%-i Hytaýyň ByteDance kompaniýasynyň gözegçiliginde galdy we ol hem täze gurluşyň girdejisiniň bir bölegine dalaş edip biler.

Adatça, ABŞ-da şertnamalary ýola goýmaga gatnaşýan geňeşçiler öz hyzmatlary üçin umumy mukdaryň 1%-inden köp bolmadyk sylaga dalaş edýär. Şertnamanyň bahasy näçe uly bolsa, sylag göterimi şonça-da pes bolýar. TikTok baradaky meselede bolsa amerikan wekilleri uly möçberdäki sylag puluny şertnama baglaşmak işine ABŞ-nyň Prezidentiniň gönüden-göni we işjeň gatnaşandygy bilen esaslandyrmaga synanyşýar.


19.06.2026 19:47
1.3k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......