Amerikaly maşgalalar TikTok, Meta we YouTube-a garşy köpçülikleýin şikaýat arzasy bilen ýüz tutdular

  • 28.01.2026 14:54
  • 4.6k+

​27-nji ýanwarda Los-Anjelesde amerikan maşgalalarynyň we mekdep okruglarynyň ýüzlerçesi Meta, Snap, TikTok hem-de YouTube korporasiýalaryna garşy beren köpçülikleýin şikaýat arzalary boýunça kazyýet işleri başlandy. Bu barada The Guardian gazeti habar berýär.

​Şikaýatçylar bu kompaniýalaryň bilkastlaýyn endik dörediji sanly önümleri işläp düzendiklerini öňe sürýärler. Olaryň pikiriçe, bu platformalary ulanmak çagalarda we ýetginjeklerde depressiýa, iýmitleniş ulgamynyň bozulmagy hem-de beýleki çynlakaý ruhy saglyk meselelerine sebäp bolýar.
Bir kazyýet önümçiligine 350-den gowrak maşgaladan we 250 sany okuw mekdebinden gelen 1600-e golaý şikaýat arzasy birleşdirildi. Ilkinji bolup 19 ýaşly KGM atly gyzyň işine serediler, ol örän ýaş wagtyndan sosial torlara garaşly bolandygyny aýdýar. Jemi ýigrimä golaý görkezme kazyýet işini geçirmek meýilleşdirilýär.
​Şikaýatçylar diňe bir maliýe öwezini dolmak däl, eýsem kompaniýalaryň platformalaryň dizaýnyny üýtgetmäge mejbur etjek kazyýet gadaganlygyny girizmegi hem talap edýärler. Bu ýerde "çäksiz lentanyň" we wideolaryň awtomatiki goýberilmegi ýaly funksiýalara gaýtadan seretmek, şeýle-de kämillik ýaşyna ýetmedikleri goramak üçin hökmany howpsuzlyk standartlaryny girizmek barada gürrüň gidýär.
​Aklawçylar bu strategiýany 1990-njy ýyllarda temmäki senagatyna garşy açylan kazyýet işleri bilen deňeşdirýärler we kompaniýalaryň öz algoritmleriniň zyýany barada bilip, hiç hili çäre görmändikleri baradaky pikiri tutanýerlilik bilen öňe sürýärler. Kazyýetde sosial torlaryň "neşe" bilen deňeşdirilýän içki resminamalarynyň aýan edilmegine garaşylýar.
Diňlenişigiň öňüsyrasynda Snap kompaniýasy KGM-niň işini kazyýetden daşary tertipde düzgünleşdirdi.


19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......