OECD 2026-njy ýylda iň ýokary zähmet haky tölenýän ýurtlaryň sanawyny çap etdi

  • 25.05.2026 15:17
  • 6.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (OECD) 2026-njy ýylda ortaça zähmet haky iň ýokary bolan döwletleriň reýtingini çykardy. Sanaw düzülende ýurtlaryň milli walýutalary alyjylaryň ukybynyň deňligine görä amerikan dollaryna öwrüldi we işgärleriň ortaça ýyllyk girdejisi hasaplandy.

Dünýäniň iň köp aýlyk berýän 7 ýurdy we olaryň aýratynlyklary:

Niderlandlar – $75 370 (ýyllyk ortaça aýlyk)

Bu döwlet Ýewropanyň iň uly deňiz porty bolan Rotterdam porty arkaly halkara söwda we logistika merkezi bolmak mümkinçiligine eýedir. Häzirki wagtda ýurt IT, inženerçilik we lukmançylyk ugrundan bütin dünýäniň kämil hünärmenlerine sabyrsyzlyk bilen garaşýar.

Awstriýa – $75 767

Awstriýanyň ykdysadyýeti senagata, bank ulgamyna we syýahata daýanýar. Bu ýerde işgärleriň aýlyk hakynyň ýokary we durnukly bolmagyna köpçülikleýin zähmet ylalaşyklary ulgamy uly ýardam edýär.

Belgiýa – $76 109

Halkara hyzmatlar, himiýa we derman senagaty güýçli ösen Belgiýanyň zähmet bazarynyň iň uly aýratynlygy – aýlyklaryň inflýasiýa görä awtomat ýagdaýda yzygiderli köpeldilip durulmagydyr.

ABŞ – $82 933

ABŞ-nda ýokary girdejileri tehnologiýa (IT), maliýe, lukmançylyk we halkara ägirt kompaniýalar üpjün edýär. Ýöne bu döwletde aýlyk hakyň möçberi işleýän ştatyňa we hünäriňe görä örän uly tapawutlanyp bilýär.

Şweýsariýa – $87 468

Bu ýurt dünýäniň iň uly maliýe we bank merkezi bolmagyny dowam edýär. Ýokary zähmet haklaryna salgyt ýüküniň pesdigi we hünärmenlere bolan uly isleg düýpli täsir edýär.

Islandiýa – $89 947

Islandiýada aýlyklaryň ýokary bolmagynyň esasy sebäbi, işçileriň hukuklaryny goraýan we aýlyklaryň yzygiderli galmagyny gazanýan örän güýçli Kärdeşler arkalaşyklarydyr. Ýöne daşary ýurtly hünärmenler üçin bu ýeriň zähmet bazary birbada ýapyk bolýar.

Lýuksemburg – $94 447

Öňki wagtlar polat we gara metallurgiýa daýanan ýurt, häzir dünýäniň esasy bank we IT merkezine öwrüldi. Bu ýerde Amazon, PayPal, Sony ýaly ägirtleriň Ýewropa boýunça baş ofisleri ýerleşýär. Lýuksemburg goňşy Germaniýa, Fransiýa we Belgiýadan iň kämil hünärmenleri özüne çekmek üçin iňňän uly aýlyklary töleýär.


şu gün 18:57
352

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 15:10
1.1k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

13.06.2026 16:30
950

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

12.06.2026 10:04
5.8k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......