Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

  • 22.05.2026 15:38
  • 2.8k+

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär.

Halkara maliýe institutynyň (IIF) maglumatlaryna görä, dünýäde iň köp bergi we karz ýüküni göterýän ýurtlar şulardyr:

ABŞ: Amerikan raýatlarynyň umumy bergisi takmynan 21,2 trillion dollara barabardyr. Bu karzlaryň esasy bölegini jaý satyn almak, karz kartlary, awtoulag karzlary we talyp okuw puly üçin alan karzlary emele getirýär. Diňe 2025-nji ýylda amerikanlaryň karz kartlary boýunça bergisi tas 1,3 trillion dollara ýetdi.

Hytaý sanawda ikinji ýerdedir we bu ýurtda maşgalalaryň bergisi 12,3 trillion dollara ýetdi. Berginiň beýle çalt ösmegine ýurtdaky gyzgalaňly köp ýyllyk gozgalmaýan emläk karzlary sebäp boldy. Ýagny, 2006-njy ýylda hytaýlylaryň bergisi bolany 277 milliard dollarka, häzirki wagtda ol ägirt uly derejä ýetdi we berginiň Jemi içeri önüme (JIÖ) bolan gatnaşygy 11%-den 60%-e galdy.

Hasabat dürli ýurtlaryň arasyndaky uly tapawutlary hem görkezýär. Meselem, Kanada ilatynyň sanynyň gaty azdygyna garamazdan, tas Germaniýa ýaly köp karz toplady. Şeýle-de, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň birnäçe döwletleri hem dünýäde iň köp karz alýan ýurtlaryň sanawyna girýär.

Hünärmenler karzlaryň köp bolmagynyň adamlaryň dükanda kän pul harçlamagyna kömek edýändigini, emma bank göterimleri ýokarlananda ýa-da jaý bazary durnuksyzlaşanda, bu ýagdaýyň ilat üçin örän howply bolup bilýändigini adýarlar.


düýn 13:44
2.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

10.06.2026 17:29
10k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.2k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.5k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......