TikTok ABŞ-da ulanyjylaryň takyk ýerleşýän ýerini yzarlamaga rugsat berdi

  • 25.01.2026 17:43
  • 3.8k+

2026-njy ýylyň ýanwar aýynda TikTok platformasy Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ulanyjylar üçin gizlinlik syýasatyny täzeledi. Täze düzgünlere görä, programma indi ulanyjylaryň takyk ýerleşýän ýeri baradaky maglumatlary ýygnap biler.

Ulanyjylara bu üýtgeşmeler barada ýanwar aýynyň başynda habar berildi. Gizlinlik syýasatynyň täzelenmegi, TikTok-yň ABŞ-daky biznesiniň täze gurluşa geçmeginden we dolandyryşyň täze ýolbaşçylara berilmeginden soň derrew amala aşyryldy. Bu ädim eýýäm maglumatlary goramak boýunça hünärmenleriň arasynda uly alada döretdi.
Mundan ozal ABŞ-nyň hökümeti maglumatlaryň Hytaýyň häkimiýetlerine elýeterli bolmak ähtimallygy sebäpli TikTok-y yzygiderli tankyt edipdi. Bu meseleleri çözmek üçin 2025-nji ýylda ByteDance kompaniýasy amerikaly investorlar (Oracle, Silver Lake we MGX) bilen ylalaşyk baglaşdy.
Netijede, TikTok US atly bilelikdäki kärhana döredildi we amerikaly ulanyjylaryň maglumatlaryna gözegçilik dolulygyyna şolaryň eline geçdi.
Täze gizlinlik syýasaty 2026-njy ýylyň ýanwaryndan güýje girdi. Kompaniýanyň wekilleriniň tassyklamagyna görä, takyk ýerleşiş maglumatlarynyň ýygnalmagy hyzmatyň işini kämilleşdirmek hem-de mazmuny (kontenti) her bir ulanyja görä şahsy uýgunlaşdyrmak üçin zerurdyr.
Hünärmenler ulanyjylara täze şertleri ünsli öwrenmegi we zerur bolsa, programmanyň sazlamalaryndan gizlinlik derejesini özbaşdak üýtgetmegi maslahat berýärler.


19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......