TikTok Amerikadaky bölümçesini satmak barada resmi taýdan şertnama gol çekdi

  • 20.12.2025 16:33
  • 5.1k+

TikTok öz amerikan bölümçesini amerikan maýadarlary tarapyndan dolandyrylýan bilelikdäki kärhana satmak barada şertnama gol çekdi. Alyjylaryň düzümine Oracle korporasiýasy, Silver Lake we MGX kompaniýalary girdi diýip, TikTok-yň baş direktory Şou Szy Çuwuň içerki resminamasyna salgylanyp, Axios we Bloomberg ýazýar.

Karara laýyklykda, şertnamany 2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda gutarnykly ýapmak meýilleşdirilýär.
Bu ädim milli howpsuzlyk üçin töwekgelçilikleri aradan aýyrmak maksady bilen hytaý kompaniýasy ByteDance-den aktiwleri almak prosesini tamamlaýar. Şertnama ýapylandan soň, TikTok US Data Security bölümçesiniň esasynda döredilen täze bilelikdäki kärhana garaşsyz ýuridik şahs statusyny alar. Gurama maglumatlaryň saklanmagyna, algoritmleriň howpsuzlygyna, kontent moderasiýasyna we programma üpjünçiligine jogap berer.
Ýatlap geçsek, 25-nji sentýabrda ABŞ-nyň Prezidenti platformanyň üstünden gözegçiligi amerikan korporasiýalaryna geçirmek barada permana gol çekdi. Kompaniýa 14 mlrd dollar bilen bahalandyryldy. Ozal ABŞ-da sosial ulgama gatnaşykda eýesini çalyşmak talaplary bilen baglanyşykly kanuny çäklendirmeler hereket edýärdi.
Belläp geçsek, Hytaýda programmanyň Douyin ady bilen öz wersiýasy hereket edýär, TikTok-yň halkara wersiýasy bolsa elýeterli däl. 


25.06.2026 07:51
2.6k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

19.06.2026 19:47
1.3k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

16.06.2026 12:54
5.2k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......